Hytaýda koronawirusdan eýýäm 12,5 müň näsag sagaldy

  • 18.02.2020 22:33
  • 10k+

Koronawirus zerarly pnewmoniýanyň ýaýrap başlan wagtyndan bäri, Hytaýda eýýäm 12 müň 500 sany näsag bejerildi. Bu barada Xinhua agentligi Hytaýyň Saglygy goraýyş meseleleri boýunça milli geňeşine salgylanyp habar berýär. «Duşenbe günüň ahyryna çenli ýagdaýa görä, täze koronawirus bilen kesellän näsaglaryň 12 552 sanysy doly sagalandan soň, hassahanalardan çykaryldy» diýip, Xinhua ýazýar.
Bellenilişi ýaly, diňe soňky birnäçe günüň içinde HHR-iň hassahanalaryndan 1700 adam çykaryldy.
«Bu kesel zerarly 1868 adam aradan çykdy. Bu kesel bilen kesellänleriň sany 72 436-a ýetdi» diýlip habarda bellenilýär.
Belläp geçsek, Türkmenistanda täze koronawirus bilen kesellemäniň bir ýagdaýy hem hasaba alynmady.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......