Gündizki uky ýürek agyry ähtimallygyny tas iki esse pese düşürýär

  • 18.02.2020 21:39
  • 16k+

Alymlaryň geçiren barlaglary gündizki ukynyň 35-den 75 ýaş aralygyndaky adamlarda ýürek tutma keseliniň güýçlenmek ähtimallygyny peseltmäge mümkinçilik berýändigini subut etdi. Dynç alşyň dowamlylygynyň uly bir ähmiýeti ýok, hatda gysga wagtlaýyn rahatlyk hem ýürek-damar ulgamy üçin ýüze çykýan howplary peseltmäge mümkinçilik berýär.
Şweýsariýanyň barlagçylarynyň eksperimenti bäş ýyllap dowam etdiler. Şol wagtyň içinde alymlar 3 müň meýletinçä gözegçilik etdiler. Olaryň bir bölegi diňe agşam däl-de, gündiz hem ýatmagy endik edinipdiler. Işiň barşynda ekspertler gündizki ukynyň ýygylygy bilen dowamlylygynyň arasyndaky baglanyşyga üns berdiler.
Netijede, ýürek tutmanyň ýüze çykmak howpunyň gündizine yzygider ýatýan adamlarda ýokarlanýandygyny anyklamak başartdy. Eksperimentiň hepdäniň dowamynda gündizine 6-7 gezekden ýatýan gatnaşyjylary diňe agşam ýatýan bilen deňeşdirilende ýürek tutma howpunyň ýokary derejesine eýe bolýarlar. Gündizki ukyny hepdede iki gezek gurnaýan gatnaşyjylarda bolsa ýürek tutma howpy peselýär.
Umuman, gündiz ukynyň adamyň ýürek-damar sistemasynyň işleýşine oňaýly täsir edýändigi subut edildi. Ýürek tutmanyň güýçlenmek ähtimallygy 48% pese düşýär, şonuň bilen birlikde dynç alşyň dowamlylygy netijä täsir etmeýär, bu barada “Звезда” salgylanmak bilen economics.ru habar berdi.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....