Ýaponiýada 2020-nji ýylyň tomusky Olimpiadasynyň şygary saýlanyldy

  • 17.02.2020 22:09
  • 3.5k+

2020-nji ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Tokioda geçiriljek ýaryşlaryň şygaryny saýlady. Bu barada guramaçylyk komitetiniň duşenbe güni ýaýradylan habaryna salgylanmak bilen TASS habar berýär.
“United by emotion” (“Bir duýgy arkaly birleşen”) jümlesi Oýunlaryň resmi şygary boldy. “Bahym dünýäniň ähli ýerindäki adamlaryň ýaryşlar bilen bagly öz duýgularyny paýlaşmak isleýän wagty geler. Şonuň üçin “Tokio-2020-niň” guramaçylyk komiteti Oýunlary üstünlikli geçirer ýaly bu şygary ulanmak kararyna geldi” – diýip, guramaçylar belleýär.
Ýapon paýtagtynda tomusky Olimpiada sportsmenlere we myhmanlara ýaryşmaga, dürli ýurtdan bolan adamlaryň köpüsine bolsa, adamlary biri-birinden aýrylyşdyrma derek, birikdirýän zatlaryň köpdügine düşünmäge mümkinçilik berer diýip hasaplaýarlar.
Miraýtowa we Someýti maskotlary ýaryşlaryň resmi tumary boldy. Daşky görnüşi boýunça olar anime-haýwanjyklaryny janlandyrýarlar. Gök-ak Olimpiýa tumary Miraýtowa we Paralimpiadanyň ak-gyzyl nyşany Someýti Ýaponiýanyň mekdepleriniň okuwçylarynyň ses bermekleri netijesinde saýlanyldy.
Miraýtowanyň ady “geljek” we “bakylyk” ieroglifleriniň birleşmeginden emele gelen. Adalatlylygyň ýiti duýgusy we sporta bolan hyjuw onuň esasy häsiýetli tarapydyr.
Paralimpiadanyň tumarynyň ady Someýti gülleýän sakuranyň bir görnüşini aňladýar. Onuň ady iňlisçe “So Mighty” (“şeýle bir güýçli”) bilen sesdeş. Someýti fiziki we ruhy taýdan örän güýçli, bu bolsa ony ähli kynçylyklary ýeňip geçýän we mümkinçiligiň çägini giňeldýän paralimpiadaçylar bilen ýakynlaşdyrýar.
Tokioda Olimpiada iýul aýynyň 24-inden awgust aýynyň 9-y aralygynda geçiriler, Paralimpiada awgust aýynyň 25-inden sentýabr aýynyň 6-syna çenli dowam eder.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......