Koronawirus zerarly “Formula-1-iň” Hytaýdaky tapgyry süýşürildi

  • 17.02.2020 21:42
  • 2.1k+

“Formula-1 2020” çempionatynyň tapgyry koronawirus epidemiýasy zerarly süýşürildi, bu barada Halkara awtomobil federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Hytaýyň gran-prisi Şanhaýda 17-19-njy aprelde geçirilmelidi. Bellenilip geçilişi ýaly, ony süýşürmek karary ýaryşy gurnaýjylaryň haýyşy boýunça “Formula-1-iň” ýolbaşçylary bilen bilelikde FIA tarapyndan kabul edildi.
“Ýaýramagyny dowam etdirýän täze koronawirus we HHR-nyň awto we motosport federasiýasy bilen dowamly jedel zerarly Hytaýyň Gran-prisiniň promouteri 2020-nji ýylda ýaryşy soňa süýşürmek haýyşy bilen resmi taýdan ýüz tutdy. FIA hem “Formula-1” bilen bilelikde guramaçydan gelen bu resmi haýyşy kabul etmek hem-de gran-prini süýşürmek kararyna geldi” – diýip, FIA-nyň metbugat gullugynyň relizinde bellenilýär.
“FIA we “Formula-1” ýaryşy ösdürmek boýunça ýagdaýlara gözegçilik edip, toparlar bilen, ýaryşyň promouteri we ýerli hökümet bilen hyzmatdaşlyk işlerini alyp barmagy dowam etdirýärler. Ähli taraplara-da eger ýagdaý gowulaşsa, Hytaýyň Gran-prisini ýylyň dowamynda başga senede geçirmek mümkinçiligini öwrenmek üçin belli bir wagt gerek” – diýlip relizde aýdylýar.
Ýatladyp geçsek, 2019-nCoV koronawirus arkaly ýüze çykan pnewmoniýa ýaýrawy Hytaýyň Uhan şäherinde 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ahyrlarynda başlandy.

düýn 21:44
2k+

Ýaponiýada Toyota RAV4 täze staýling-bukjalaryny aldy

Täzelenen Toyota RAV4 Demirgazyk Amerikada, Ýewropada we Hytaýda hödürlenenden soň, Ýaponiýanyň bazaryna çykdy. Munuň bilen bir wagtda Toyota Modellista atelýesi bilen hyzmatdaşlykda krossoweriň daşky görnüşini üýtgedýän iki sany staýling-bukjasyny taýýarlady...

düýn 15:37
2.1k+

Kazyýet Tesla "Autopilot" we "Full Self Driving" adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi

Kaliforniýanyň ştat kazyýeti ýerli ulag departamentiniň şikaýaty esasynda, Tesla kompaniýasyna öz elektrik awtoulaglarynyň mümkinçiliklerini beýan edende "Autopilot" we "Full Self Driving" (Doly özbaşdak sürülýän) adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi...

düýn 14:05
4.5k+

BMW 3-iň özgeriş taryhy bir wideoda görkezildi: 1975-nji ýyldan başlap, 2034-nji ýyla çenli

Drive Morph atly YouTube kanaly BMW 3 seriýasynyň ewolýusiýasyna bagyşlanan wideony çap etdi. Sekiz minutlyk wideo modeliň 60 ýyllyk taryhyny — 1975-nji ýyldan häzirki güne çenli döwrüni öz içine alýar. Şeýle hem, awtorlar “üçlügiň” geljekde, ýagny 2034-nji ýylda nähili bolup biljekdigi baradaky öz garaýyşlaryny hödürleýärler...

düýn 00:33
5.5k+

Toyota Ýaponiýada ABŞ-da öndürilen awtomobillerini satyp başlar

Toyota Motor Corporation 2026-njy ýyldan başlap ýapon bazarynda ABŞ-da öndürilen üç modeli satyp başlamagy meýilleşdirýär: Camry sedany, Highlander ulagy we Tundra pikapy. Bu barada ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi...