Hyundai täze Prophecy elektrokarynyň tizerini görkezdi

  • 16.02.2020 22:18
  • 3k+

Täze Hyundai Prophecy elektromobiliniň resmi premýerasy ýene-de birnäçe günden Ženewa awtosalonynda geçiriler. Onuň öňüsyrasynda markanyň press-hyzmaty konsept barada gysgaça syny neşir etdi we modeliň tizerini görkezdi. Bu barada 32cars.ru habar berýär.
Press-relizde Hyundai Prophecy elektromobiliniň dizaýnyň täze “dilini” görkezjekdigi we brendiň filosofiýasyny täze derejä çykarjakdygy habar berilýär.
“Biziň konseptimiz tendensiýalary yzarlanok, ol baky gymmatlyklaryň şöhlelenmesi hasaplanylýar” – diýip, Hyundai-yň dizaýn-merkeziniň ýolbaşçysy Sang Li Li aýdýar. “Prophecy” iňlis dilinden terjime edilende “öňden görüjilik” diýmekligi aňladýar. Kompaniýada munuň ýöne ýerden şeýle däldigi, ýagny konseptiň markanyň täze modelleriniň, hususan-da, elektrokarlaryň dizaýnyny kesgitleýändigi bellenilýär.
Onuň tizer suratyndan elektrokaryň giň tegelek yzky ganata hem-de birnäçe wertikal yzky yşyklara eýe boljakdygyny bilmek bolýar. Mundan başga-da, model ýük goýulýan ýeriň kese stop-signally beýik we tegelek gapagyna eýe.
Kompaniýanyň bu konsept-karyň seriýaly önümçiligine haçan başlajakdygy heniz habar berlenok. Ýöne bir zada üns bermeli, marka ýaňy-ýakynda Canoo startapy bilen birlikde birleşigiň geljekki elektromobillerinde ulanyljak doly elektrik platformany işläp taýýarlamak baradaky niýetini tassyklady.

düýn 14:18
2.4k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
4k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.7k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.8k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...