Skodanyň ilkinji elektrokrossoweri ENYAQ adyny aldy

  • 15.02.2020 21:52
  • 1.6k+

Volkswagen AG birleşiginiň düzümine girýän Skoda çeh awtoöndürijisi özüniň ilkinji seriýaly elektrokrossoweriniň adyny mälim etdi, onuň ady ENYAQ. Bu täze adyň binýadynda “barlyk” ýa-da “ruh” manyny berýän “Eithne” sözüniň esasynda emele gelmek bilen, “durmuşyň gözbaşy” diýmekligi aňladýan “Enya” irland ady durýar. Bu barada Skoda salgylanmak bilen itc.ua habar berýär.
Beýleki SUV brendleri bilen meňzeşligini deňeşdirsek (KODIAQ, KAROQ, KAMIQ), ENYAQ modeliniň ady “Q” bilen gutarýar, onuň başynda bolsa “E” (electromobility) simwoly ýerleşdirilen. Belläp geçsek, ENYAQ brendiň ilkinji seriýaly elektrokrossoweri bolar, kompaniýanyň ilkinji seriýaly elektromobili Skoda Citigo-e iV siti-kary boldy.
Skoda ENYAQ elektrokrossoweri birleşigiň täze brend modelleri üçin ulanylmasy dowam etdiriljek Volkswagen MEB modul platformasynda esaslandyrylar.
Bu geçen ýyl Ženewa awtosalonynda görkezilen Skoda Vision iV konseptiniň seriýaly wersiýasy bolar. Konseptiň we onuň seriýaly wersiýasynyň esasy häsiýetleri meňzeşräk, ýagny, täze elektrokrossower 225 kWt kuwwatlykly hereketlendirijä, 83 kWt/sag batareýa we WLTP sikli boýunça 500 km ätiýaçlyk ýola eýe bolar.
Çeh kompaniýasy Skoda ENYAQ elektrokrossowerleriniň satuwyna 2021-nji ýylda başlajakdygyny aýdýar, 2025-nji ýyla çenli bolsa özüniň satuw gurluşynda elektromobilleriň paýyny 25%-e çenli getirmegi göz öňünde tutýar. 2021-nji ýyldan awtoöndüriji elektrik modelleriň işlenip taýýarlanmagyna 2 mlrd ýewro maýa goýar, netijede ýakyn ýyllarda Skoda-nyň 10-dan gowrak elektromobili bazara çykarylar.

şu gün 15:37
851

Kazyýet Tesla "Autopilot" we "Full Self Driving" adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi

Kaliforniýanyň ştat kazyýeti ýerli ulag departamentiniň şikaýaty esasynda, Tesla kompaniýasyna öz elektrik awtoulaglarynyň mümkinçiliklerini beýan edende "Autopilot" we "Full Self Driving" (Doly özbaşdak sürülýän) adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi...

şu gün 14:05
2.3k+

BMW 3-iň özgeriş taryhy bir wideoda görkezildi: 1975-nji ýyldan başlap, 2034-nji ýyla çenli

Drive Morph atly YouTube kanaly BMW 3 seriýasynyň ewolýusiýasyna bagyşlanan wideony çap etdi. Sekiz minutlyk wideo modeliň 60 ýyllyk taryhyny — 1975-nji ýyldan häzirki güne çenli döwrüni öz içine alýar. Şeýle hem, awtorlar “üçlügiň” geljekde, ýagny 2034-nji ýylda nähili bolup biljekdigi baradaky öz garaýyşlaryny hödürleýärler...

şu gün 00:33
4.6k+

Toyota Ýaponiýada ABŞ-da öndürilen awtomobillerini satyp başlar

Toyota Motor Corporation 2026-njy ýyldan başlap ýapon bazarynda ABŞ-da öndürilen üç modeli satyp başlamagy meýilleşdirýär: Camry sedany, Highlander ulagy we Tundra pikapy. Bu barada ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 12:55
3.2k+

Hytaýyň Exlantix ES elektrik sedany ýolda öwrümli hereket etmek boýunça rekord goýdy

Pan-Aziýa halkara synag meýdançasynda Exeed Exlantix ES BEV seriýaly elektrik sedany dünýä rekordyny goýdy we resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu üstünlik 30 sekundyň içinde hereket edip barýan iň köp ulaglaryň arasyndan geçmek" diýlip hasaba alyndy...