MWC 2020 sergisi resmi taýdan ýatyryldy

  • 13.02.2020 22:10
  • 3.4k+

Biz düýn bu sergini ýatyrmak baradaky wariantlaryň gözden geçirilýändigini we onuň anna güni belli boljakdygyny habar beripdik. Indi bolsa 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 23-inden 27-si aralygy Barselonada geçirilmeli bolan Bütindünýä Mobil Kongresi (Mobile World Congress ýa-da MWC) COVID-19 koronawirusy zerarly resmi taýdan ýatyryldy. Bu barada GSMA kompaniýasynyň sergini gurnaýjylaryna salgylanmak bilen iphones.ru habar berdi.
“2006-njy ýylda Barselonada geçen ilkinji Mobile World Congress-inden başlap GSMA pudaklaryň wekillerini, ýolbaşçylary, ministrleri, syýasatçylary, operatorlary we liderleri bir uly ekosistema jemläpdi.
Barselonadaky we kabul edýän ýurtdaky raýatlaryň howpsuzlygyny we saglygyny göz öňünde tutup, GSMA MWC Barcelona 2020 sergisini ýatyrdy, sebäbi koronawirus ýaýrawy bilen bagly global alada, syýahatçylar we beýleki hadysalar bilen bagly meseleler bu serginiň geçirilmegine mümkinçilik bermeýär.
Sergini geçirýän şäheriň hökümeti bu gelnen netijä düşünýärler we oňa hormat goýýarlar. GSMA MWC Barcelona 2021 sergisini we beýleki çäreleri gurnamak üçin olar bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer. Biz Hytaýda we tutuş dünýäde ähli kesellänlere öz gynanjymyzy bildirýäris” – diýip, GSMA-nyň bildirişinde aýdylýar.
Fewral aýyndan başlap ýekeje Kongrese hem gatnaşman durmaýan iri kompaniýalaryň ençemesi bu sergä gatnaşmakdan ýüz öwürdiler. Olaryň ählisi işgärleriniň we olaryň pawilonlaryndaky myhmanlaryň saglygynyň zerurdygyny bellediler.
Barselonanyň meri Ada Kolau şäheriň MWC 2020 sergisini geçirmäge “doly taýýardygyna” žurnalistleri ynandyrdy we adatdan daşary ýagdaýy girizmäge hiç hili deliliň ýokdugyny hem aýtdy.
Şu hepdäniň başynda GSMA gatnaşyjylar Kongresiň geçiriljekdigi, ýöne gatnaşyjylaryň saglygyny howpdan goramak üçin birnäçe goşmaça çäreleriň görüljekdigi barada aýdylýan haty kabul etdiler.
Ýagny, ýaňy-ýakynda Hytaýa baran myhmanlar ýurtdan MWC başlamazyndan iki hepde öň gaýdandyklary barada subutnama getirmelidiler. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda kesellileri ýüze çykarmak we olary aýry saklamak üçin temperatura skrinigleri geçirilmelidi.
Muňa garamazdan, gelmekden boýun gaçyran kompaniýalaryň sanyny, şeýle-de, wirusyň gatnaşyjylaryň arasynda ýaýramak ähtimallygyny göz öňünde tutmak bilen GSMA 2020-nji ýylyň Mobile World Congress-ni ýatyrmak kararyna geldi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......