«Türkmenhowaýollary» Bangkoga we Kuala-Lumpura gatnawlary wagtlaýyn bes edýär

  • 12.02.2020 22:36
  • 7.2k+

«Türkmenhowaýollary» agentligi Bangkok we Kuala-Lumpur ugurlary boýunça howa gatnawlaryny 1-nji aprele çenli wagtlaýyn togtadýar. Bu barada ArzuwNEWS penşenbe güni agentligiň Twitter sahypasynda berlen maglumatyna salgylanyp habar berýär.
Agentligiň habar berşi ýaly, gatnawlar Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli bes edildi.
Öň, «Türkmenhowaýollary» koronawirus ýokanjynyň ýaýramgynyň öňüni almak maksady bilen 1-nji fewraldan başlap, Aşgabat – Pekin – Aşgabat ugry boýunça gatnawlary wagtlaýyn bes edýändigini habar beripdi.
Agentligiň web sahypasynda berilýän maglumatlara görä, 9-njy fewraldan 28-nji mart aralygynda meýilleşdirilýän halkara howa gatnawlaryndan Pekin, Bangkok, Kuala-Lumpur ugurlary aýryldy.
Euronews agentliginiň habar bermegine görä, 12-nji fewraldaky maglumatlara görä, koronawirus zerarly ýaýran pnewmoniýadan 1100 adam aradan çykdy. Bu kesel bilen kesellänleriň sany 44 müň 600 adamdan geçdi.
Belläp geçsek, Merkezi Aziýa ýurtlarynda bu kesel hasaba alynmady.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......