Ýewropa 7 ýylyň içinde iň güýçli tupan indi

  • 11.02.2020 22:13
  • 7.6k+

Ýewropanyň Adatdan daşary gulluklary gullugy soňky ýedi ýylyň içindäki iň güýçli tupanyň galdyran yzlaryny ýok edýärler. Tupan şemal bilen ýagynyň garyşmagy görnüşinde bolup geçdi. Ýüz müňlerçe ýaşaýjy elektrik çyrasyz galdylar. London – Nýu-Ýork gatnawynyň ýolagçylary bolsa tizlik boýunça duýdansyz rekord goýdular. Bu barada «Вести.ру» salgylanmak bilen checheninfo.ru habar berýär.
Bir ýerde gysga wagtlyk uçuş boýunça rekord goýulsa, başga bir ýerde tupan zerarly rekord derejede ýumrulma bolup geçýär. Günbatar Ýewropada soňky ýedi ýylyň içinde iň güýçli tupan gopdy. Bu ýagdaý Beýik Britaniýada has hem agyr. “Siara” adyny alan tupan zerarly ähli köprüler, ýollar ýapyldy, awiagatnawlar ýatyryldy, sport çäreleri bolsa yza süýşürildi. 100 müň töweregi öý çyrasyz galdy.
Meteorologlar ýurduň ähli çäginde geljek hepdeleriň dowamynda güýçli ýelli çagbanyň boljakdygy barada duýdurdylar. Şotlandiýada we Demirgazyk Irlandiýada garyň ýagmagyna garaşylýar. Birnäçe etraplary suw basyp alandygy hem habar berildi. Kenarýakalarda ýeliň güýji 42 m/s ýetýär.
Londonda howa şertleri sebäpli Gaýd-parkdan başlap, patyşa seýilgähleriniň sekizisi hem ýapyldy. Ýanwar aýynda Beýik Britaniýa Brendan tupany geldi, bu bolsa elektroenergiýanyň öçmegine we gatnawlaryň bozulmagyna getirdi, indiki tupan üçin hem eýýäm at taýýar, ol Dennis diýlip atlandyrylar.
Fransiýanyň 42 departamentinde howpuň «mämişi» derejesi hereket edýär. Kalda ägirt uly tolkunlar sebäpli suwa düşülýän kenarlary hem ýapdylar.
Germaniýada hem ýumrulma bolup geçdi. Durnuksyz ýel Maýn boýundaky Farnkfurtda XVI asyryň ortalarynda gurlan ybadathananyň üçegine zeper ýetirdi.
Ýatladyp geçsek, ýanwarda güýçli tupan Ispaniýada hem bolup geçdi. Soňky ýylyň içindäki iň güýçli tupan zerarly azyndan 13 adam ýogaldy, 80 töweregi adam ejir çekdi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......