Hindistanda salony tebigy agaçdan we ýüňden bolan elektromobil döredildi

  • 09.02.2020 22:42
  • 5.8k+

«Tata Motors» hindi kompaniýasy Nýu-Delidäki motorşouda Sierra adyny alan geljekki seriýaly krossoweriň prototipini hödürledi. Konsept güýçli elektrik gurluşa, oturylýan ýerleriň üýtgeşik konfigurasiýasyna we tebigy materiallardan, şol sanda agaçdan we hakyky ýüňden edilen interýer bezegine eýe boldy. Bu barada «Motor» habar berýär.
Tata Sierra EV-niň binýadynda Altroz hetçbegi üçin ulanylýan Tata ALFA modul platformasy durýar. Ýöne konsept bilen bagly ýagdaýda bu «arabanyň» elektromobiller üçin niýetlenilen aýratyn konfigurasiýasy peýdalanyldy. Şoukar diňe geljekki tapgyrlaýyn modeliň nyşany bolman, eýsem, ol Impact 2.0 markanyň täze dizaýner konsepsiýasyny görkezýär. Onuň häsiýetli aýratynlygy – birsydyrgyn çyzyklar, sada formalar we detallara üns berijilik.
1991-nji ýyldan 2000-nji ýyla çenli çykarylan original Sierradan alan ady bilen bir hatarda, şoukar oturylýan ýerleriň täsin konfigurasiýasyny hem özüne nusga edip aldy: yzky diwan ulagyň çep bortunda oturdylan. Elektromobiliň dört gapysy bar (ýük goýulýan ýerinden başlap), olaryň biri gapdal tarapa açylýar.
Salon «tebigata ýakynlyk» ýörelgä esaslanyp minimal stilde ýerine ýetirilen, bu bolsa tebigy materiallaryň köpçülikleýin ulanylyşyna şaýatlyk edýär. Döwrebap sistemalardan Sierra EV diňe sanly enjam paneline eýe boldy — Tatada muny awtomobiliň «sanly detoksa» ýa-da başgaça gajetlerden ýüz öwürmä çagyrýanlygy bilen düşündirdiler. Şonuň üçin onda multimediýa ulgamy hem ýok.
Deslapky maglumatlara görä, «harytlyk» Tata Sierra-sy 2023-nji ýyla çenli peýda bolar.

düýn 12:20
2.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......