Xiaomi Mi 10 dünýäde LPDDR5 ýatly ilkinji smartfon bolar

  • 08.02.2020 22:08
  • 4.3k+

Micron Technology kompaniýasy dünýäde ilkinji LPDDR5 ýat modullarynyň köpçülikleýin çykarylmagyna başlanandygyny habar berdi. Şeýle-de, öndüriji şeýle operatiw ýada ilkinji bolup ýakynda anons edilmegine garaşylýan Xiaomi Mi 10 flagman smartfonunyň eýe bolandygyny mälim etdi. Öndürijiniň maglumatlaryna görä, Micron LPDDR5 modullary Xiaomi Mi 10 smartfonuna maglumatlary iberijilik tizligini 50% artdyrmaga, energiýa sarp edijiligini bolsa LPDDR4x ýady bilen deňeşdireniňde 20% peseltmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda 6, 8 we 12 GB sygymly modullar ýola goýulýar.
Xiaominiň ýolbaşçysy Leý Szun we Redmi brendiniň ýolbaşçysy Lu Weýbing Micron kompaniýasynyň Xiaomi Mi 10 smartfonunyň dünýäde LPDDR5 ýatly ilkinji smartfon boljakdygy baradaky habaryny tassykladylar. Olar Micron LPDDR5 modullarynyň 5G smartfonlaryna maglumatlary iberijilik tizligini 6,4 Gbit/s-a çenli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini bellediler.
Öň, Xiaomi kompaniýasy Xiaomi Mi 10-uň bir kristally Qualcomm Snapdragon 865 flagman sistemasynyň binýadyndaky dünýäde ilkinji smartfon boljakdygyny hem wada beripdi. Xiaomi Mi 10 smartfonunyň anonsy Pekinde 10-njy fewralda geçirilmeli.
Belläp geçsek, LPDDR5 ýadynyň 2019-njy ýylyň tomsunda mikroshemalaryň pudagynda ilkinji 12 Gbit sygymly LPDDR5 ýadynyň seriýaly önümçiligine girişilendigini habar beren Samsung koreý kompaniýasynyň Galaxy S20 flagmanynda hem bolmagynda garaşylýar.

düýn 11:00
495

Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler...

23.03.2026 10:34
2.3k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

23.03.2026 05:29
3.1k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi...

22.03.2026 23:11
2.3k+

WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär...