«Forsaž 9» treýleriniň tomaşasy we ABŞ-daky deslapky satuwy boýunça rekord goýýar

  • 07.02.2020 23:21
  • 6.6k+

«Forsaž» franşizasynyň dokuzynjy filminiň premýerasyna üç aýdan gowrak wagt bar, muňa garamazdan, eýýäm, häzir bu uruşganly kino gyzyklanma diýseň ýokary. Anna güni peýda bolan ilkinji treýler Twitterde, Facebook-da we YouTube-da ortaça 439,3 mln gezek görüldi.
Ilkinji 72 sagadyň içinde oňa edilen tomaşa 262 mln-a ýetdi, bu bolsa «Мстители: Война бесконечности» kinomiksiniň meňzeş görkezijisinden hem ýokary geçýär. Ilkinji ýigrimi dört sagadyň içinde 151 mln tomaşa bolsa Universal Pictures studiýasynyň treýlerleri üçin täze rekord boldy. Treýlere bildirilýän reaksiýanyň aglaba bölegi bolsa pozitiw (jemgyýetçilik torlarynda 93% pozitiw we bitarap seslenme).
Jemgyýetçilik torlaryna gözegçilik işlerini alyp barýan RelishMix kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Superboulyň 30 sekuntlyk roligi we treýleriň doly özi Twitterde, Instagramda, Facebook-da we YouTube-da bir gije-gündiziň dowamynda 110,9 mln gezek görüldi. Bu beýleki ähli futbol oýunlarynyň treýlerleriniň jemi görkezijisinden hem ýokary. Olaryň yzyndan şeýle maglumatlar getirilýär: 18,7 mln tomaşa - «Чёрная вдова», 12,4 mln - «Мулан», 10,1 mln «Не время умирать», 8,7 mln «Тихое место 2», 4,2 mln «Миньоны: Грювитация», 3,5 mln «Топ Ган: Маверик», 2,6 mln «Губка Боб в бегах» we 600 müň «Человек-невидимка».
Anna güni peýda bolan «Forsaž 9» tutuş dünýäde we ABŞ-da Twitterdäki meşhurlygy boýunça ikinji orna çykdy. Ilkinji treýleriň yzysüre ABŞ-da deslapky satuw başlandy. Onuň başlanmagyna filmde çykyş edenler Kardi Biniň, Ludakrisiň we Ozunyň gatnaşmagynda Maýamide geçirilen konsert goltgy berdi. Göni ýaýlymda giden konsertiň translýasiýasy üç günüň içinde 12 million gezek görüldi. Ilkinji dört günüň içinde Fandango portalynda sekizinji «Forsaža» garanyňda, petekler 50% köp satyldy.
Ýatladyp geçsek, boýewigiň premýerasy amerikan kinoprokatynda 22-nji maýa bellenilen.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....