Uky wagtynda bägüliň ysy okuw prosesini gowulandyrmaga ýardam edýär

  • 06.02.2020 16:22
  • 4.3k+

Alymlar uky wagtynda bägüliň ýakymly ysynyň bilim alma prosesini düýpli kämilleşdirýändigini belleýärler. Tejribäniň dowamynda meýletinçileriň umumy bilim derejesi 30% ýokarlandy.
Fraýburg uniwersitetiniň Lukmançylyk merkeziniň hünärmenleri Günorta Germaniýanyň iki sany mekdebiniň 6-njy synplaryndan 54 sany okuwçyny tejribe üçin çagyrdylar. Tejribäniň dowamynda oglanlar we gyzlar bägüliň ysy bilen doldurylan ýerde iňlis dili bilen meşgullandylar. Okuw prosesi hem gündiz, hem gije dowam etdirildi. Barlagçylar howadaky gülüň ýakymly ysynyň okuwçylara oňaýly täsir edýändigini anykladylar. Gündizine ýakymly ysly taýajyklar iş stolunyň üstünde, gijesine uky wagtynda bilim alma prosesiniň dowamynda olar krowatyň ýanyndaky stoluň üstünde goýuldy. Netijede, ýakymly ysyň täsirinde okuwçylaryň sözleri ýadynda gowy saklaýandyklary anyklanyldy. Barlagyň netijeleri «Nature Group Scientific Reports» žurnalynda neşir edildi.
Başga bir eksperimentde okuwçylar bu taýajyklary mekdepde iňlis dili boýunça sözlük testi alnan wagtynda özleriniň ýanynda stoluň üstünde goýdular. Alnan netijeler bir ýa-da birnäçe wagtyň dowamynda ýakymly ysly taýajyklar ulanylman geçirilen barlagyň netijeleri bilen deňeşdirildi.
Netijä laýyklykda, okuwçylar hem bilim alma prosesi wagtynda, hem-de uky wagtynda ýakymly ysly taýajyklary ulananlarynda olaryň bilim almakda üstünligi 30% töweregi ýokarlandy. Geçirilen barlag sözlük gory bilen bagly test wagtynda ýakymly ysyň bolmagynyň ýadyň kämilleşmegine ýardam edýändigini görkezdi.
Hünärmenler bägüliň ýakymly täsiriniň astynda beýni işjeňligi ýokarlanýar diýip hasaplaýarlar, ýöne muny diňe elektroensefalogrammanyň kömegi bilen kesgitlemek bolýar.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....