Geely kompaniýasy antiwirusly awtomobilini döreder

  • 05.02.2020 23:01
  • 2.7k+

Hytaý kompaniýasy epidemiýanyň öňüni almaga mümkinçilik berjek täze tehnologiýalary döretmek bilen meşgullanýar.
Geely hytaý kompaniýasy «has howpsuz awtomobilleriň» işlenip taýýarlanylmagyna 370 mln ýuan (53 mln dollar) möçberinde maýa goýýar. Aýratynam, kärhana salona zyýanly molekulalaryň girmegine mümkinçilik bermeýän toplumlaýyn antiwirus goragly ulaglary döretmek bilen meşgullanar.
Geely-niň Hytaýdaky, ABŞ-daky we Ýewropadaky ylmy-barlag merkezleri antibakterial we wirusa garşy häsiýetli ekologik taýdan durnukly materiallary taýýarlamakda bilelikdäki işi ýola goýarlar. Olar kondisionirlemäniň täze ulgamlarynda hem-de sürüjiniň ýa-da ýolagçynyň eliniň köp degýän ýerlerinde ulanylar. Aýratynam, gürrüň rul, herekete getiriji gutynyň selektory, düwmeler we sensor displeýleri barada gidýär.
«Epidemiýanyň öňüni almak – bu tutuş jemgyýetiň uzak wagtyň dowamynda köp zähmetini talap edýän iş. Awtomobiller – ulagyň has giňden ýaýran görnüşi, biz durmuşymyzyň möhüm bölegini şolarda geçirýäris, olar biz üçin ikinji öýe öwrülýär» – diýip, Geely-niň ýolbaşçysy An Sunhueý belleýär.
Öň Geely kompaniýasy wezipesi koronawirus epidemiýasynyň öňüni almaklyga gönükdiriljek haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi üçin 200 mln ýuan (28,6 mln dollar) sarp etdi.
Täze koronawirus Hubeý welaýatynyň Uhan şäherinde 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda ýüze çykaryldy. Häzirki wagtda 17 müňden gowrak adam bu kesel bilen kesellän, ýogalanlaryň sany bolsa 400-den geçýär. 2020-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Uhanda we goňşy şäherlerde karantin girizildi – hökümet jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawyny togtatdy, şäheri giriş we çykyş üçin ýapdy.
Epidemiýa bilen baglylykda Hytaýda köp sanly iri awtoöndürijiler, şol sanda Tesla, Ford, PSA topary, Nissan we Honda awtomobillerini çykarmagyny bes etdiler. Mundan başga-da, PSA-dan başlap, birnäçe kompaniýalar kesel bilen baglylykda özleriniň tutuş topar personalyny Uhan şäherindäki kärhanadan we onuň çäklerinden çykarmak niýeti barada habar berdiler.

şu gün 14:18
1.5k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

şu gün 13:52
2.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

şu gün 11:35
1.4k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

şu gün 10:57
2.9k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...