Mercedes-Benz 2020-nji ýyla çenli 32 sany täze awto önümlerini çykarar

  • 04.02.2020 22:55
  • 4.9k+

Nemes awtoöndürijisi öz model lineýkasyny göwrümleýin täzelemegiň üstünde işleýär. Täze awtoönümleriň arasynda ýokary tehnologiýaly elektrokarlar we gibridler hem bar.
Mercedes-Benz kompaniýasy 2022-nji ýyla çenli birbada 32 sany modeli çykarmagy wada berýär. Olaryň hatarynda häzirki C-Class, S-Class we SL modelleriniň yzyny dowam etdirijiler, şeýle-de, AMG-nyň täze modelleri bar. Soňkularyň arasyndan dört gapyly «zarýadlanan» GT kupeni aýratynlandyrmak bolýar, onuň işe ukyplylygyna gibrid jogap berýär, şeýle-de, ýaryş tregine gönükdirilen GT R Black Series aýratyn wersiýany hem belläp geçmek bolar.
Täze önümleriň sanawyna seriýaly One giperkary-da goşuldy. Aslynda, ol ir çykarylmalydy, ýöne möhlet 2021-nji ýyla süýşürildi. Şeýle awtony Formula-1-iň güýçli gurluşy bilen üpjün ederler. Bir gezek zarýadlandyrylan giperkar 25 kilometr töweregi geçip biler, onuň maksimal tizligi 350 km/sag ýeter. Smart subbrendi hem özüniň model lineýkasyny täzelemegi göz öňünde tutýar. 2020-nji ýylyň ortalarynda marka bazara täze Fortwo we Forfour elektrik awtoönümlerini çykarar. 2022-nji ýyla çenli täze awtoönümleriň möçberi artar, çünki Mercedes Geely hytaý kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barar. Täze EQ subbrendi hem birbada bäş sany elektrokary taýýarlaýar. Bu ozalky EQA we EQS konsept-karlarynyň täze serialy nusgasy, şeýle-de täze EQB, EQE, EQG modelleri bolar. Olar nemes awtoöndürijisine elektromobilleriň bazarynda öňdebaryjy orny eýelemäge kömek eder. Mundan başga-da, ýylyň ahyryna çenli Mercedes-Benz 20 sany gibridi hödürlär.

düýn 14:18
2.1k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.6k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.5k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...