Türkmenistan täze görnüşli «Hyundai» şäheriçi awtobuslaryny satyn alar

  • 01.02.2020 23:41
  • 7.2k+

31-nji ýanwarda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer B.Öwezowyň habar berşi ýaly, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hünärmenleri Koreýa Respublikasyna iş saparynyň çäginde «Hyundai» korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar hem-de dürli görnüşdäki awtobuslaryň önümçilik kärhanasyna baryp gördüler.
Häzirki wagtda Ýewro — 4 ekologiýa standartyna gabat gelýän döwrebap hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan «Hyundai All New Super Aero Ñity» awtobuslaryny almak meýilleşdirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Koreý awtomobil gurluşynda öňdebaryjy hasaplanýan bu awtobuslaryň ýurdumyzyň şäheriçi we şäherara ugurlarynda giňden peýdalanylýandygyny belledi. Soňky ýyllarda şeýle görnüşdäki awtobuslaryň ýüzlerçesi satyn alyndy. Munuň özi ugurlary artdyrmaga we gatnaw ýygylygyny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Döwlet Baştutany bu awtobuslaryň rahatlygy we amatlylygy bilen ýolagçylaryň göwnünden turýandygyny nazara alyp, bu babatda işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

şu gün 15:37
878

Kazyýet Tesla "Autopilot" we "Full Self Driving" adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi

Kaliforniýanyň ştat kazyýeti ýerli ulag departamentiniň şikaýaty esasynda, Tesla kompaniýasyna öz elektrik awtoulaglarynyň mümkinçiliklerini beýan edende "Autopilot" we "Full Self Driving" (Doly özbaşdak sürülýän) adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi...

şu gün 14:05
2.3k+

BMW 3-iň özgeriş taryhy bir wideoda görkezildi: 1975-nji ýyldan başlap, 2034-nji ýyla çenli

Drive Morph atly YouTube kanaly BMW 3 seriýasynyň ewolýusiýasyna bagyşlanan wideony çap etdi. Sekiz minutlyk wideo modeliň 60 ýyllyk taryhyny — 1975-nji ýyldan häzirki güne çenli döwrüni öz içine alýar. Şeýle hem, awtorlar “üçlügiň” geljekde, ýagny 2034-nji ýylda nähili bolup biljekdigi baradaky öz garaýyşlaryny hödürleýärler...

şu gün 00:33
4.6k+

Toyota Ýaponiýada ABŞ-da öndürilen awtomobillerini satyp başlar

Toyota Motor Corporation 2026-njy ýyldan başlap ýapon bazarynda ABŞ-da öndürilen üç modeli satyp başlamagy meýilleşdirýär: Camry sedany, Highlander ulagy we Tundra pikapy. Bu barada ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 12:55
3.2k+

Hytaýyň Exlantix ES elektrik sedany ýolda öwrümli hereket etmek boýunça rekord goýdy

Pan-Aziýa halkara synag meýdançasynda Exeed Exlantix ES BEV seriýaly elektrik sedany dünýä rekordyny goýdy we resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu üstünlik 30 sekundyň içinde hereket edip barýan iň köp ulaglaryň arasyndan geçmek" diýlip hasaba alyndy...