Aşgabatdan Bangkoga we Pekine howa gatnawlary wagtlaýyn ýatyryldy

  • 01.02.2020 23:39
  • 8.5k+

Türkmenistan Hytaýda koronawirusyň ýaýramagy sebäpli, 6-njy fewraldan Bangkoga (Tailand) we 7-nji fewraldan Pekine howa gatnawlaryny wagtlaýyn bes edýär. Ýörite howa gatnawy bilen Hytaýda bar bolan türkmen raýatlary Türkmenistana getiriler. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň» resmi saýty habar berýär.
Uçuşlaryň näçe wagtlyk ýatyrylýandygy heniz nämälim. Bangkoga we Pekine iň soňky uçuşlar hem-de bu şäherlerden Aşgabada iň soňky uçuşlar 2-nji fewralda ýerine ýetiriler.
«China Southern Airlines» kompaniýasynyň Urumçydan Aşgabada gatnawlara çäklendirme girizjekdigi barada heniz maglumat ýok.
Howa gatnawlarynyň dikeldilmegi barada goşmaça habar berler.
Şeýle hem fewral aýyndan Kuala-Lumpura (Malaýziýa) ýola goýulmagy meýilleşdirilen yzygiderli gatnawlar mart aýyna, Jidda (Saud Arabystany) açyljak gatnawlar bolsa aprel aýyna çenli süýşürilýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy penşenbe güni geçirilen adatdan daşary ýygnagynyň netijesi boýunça koronawirusyň ýaýramagyny halkara ähmiýete eýe bolan adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi.
Bu günki güne çenli Türkmenistanyň çäginde koronawirus bilen kesellemäniň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......