Volkswagen täze krossoweriniň premýerasyny anons etdi

  • 01.02.2020 23:13
  • 1.9k+

Volkswagen kompaniýasy brendiň heniz at almadyk täze krossoweri görkezilen tizer wideoroligini çykardy. Awtomobiliň premýerasy üstümizdäki ýylyň 3-nji fewralynda Delidäki awtosalonda geçiriler.
Ilkinji nobatda, täze önüm ýerli bazara niýetleniler. Muňa garamazdan, krossoweriň beýleki dünýä ýurtlarynda hem satuwa çykmagy ahmal. Ulagy MQB A0 IN platformasynda gurarlar. Bu şassini Skoda-nyň Vision In atly täze ykjam krossoweri hem ulanýar. Bu ulagyň hem premýerasy Nýu-Delidäki motor-şounda geçiriler.
Täze krossower T-Crossy ýada salar. Ýöne awtomobil has agressiw dizaýna we beýik klirense eýe bolar. Has dogrusy, awtosalonda hem bu ulagyň konsepti görkeziler. Seriýaly krossower satlykda, takmynan, 2021-nji ýylda peýda bolar.
«IndianAutosBlog» saýtynyň maglumatlaryna görä, bu täze önümiň motor gammasyna hereketlendiriji alty basgançakly mehaniki guty ýa-da ýedi basgançakly «awtomat» bilen bilelikde işleýän 1,0 litrli enjam girer. Bu enjamyň kuwwatlylygy 115 at güýjüne barabar. 1,5 litrli atmosfera hereketlendirijisiniň hem peýda bolmagyna garaşylýar.
Öň, Volkswagen patent edarasynda täze krossowerleri üçin ulanjak T-Sport, T-Go we T-Coupe atlaryny patentledi. Şeýlelik bilen, Volkswageniň täze modelleri hem häzirki T-Cross we T-Roc krossowerleri ýaly şol bir stildäki ada eýe bolarlar.

düýn 21:44
2k+

Ýaponiýada Toyota RAV4 täze staýling-bukjalaryny aldy

Täzelenen Toyota RAV4 Demirgazyk Amerikada, Ýewropada we Hytaýda hödürlenenden soň, Ýaponiýanyň bazaryna çykdy. Munuň bilen bir wagtda Toyota Modellista atelýesi bilen hyzmatdaşlykda krossoweriň daşky görnüşini üýtgedýän iki sany staýling-bukjasyny taýýarlady...

düýn 15:37
2.1k+

Kazyýet Tesla "Autopilot" we "Full Self Driving" adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi

Kaliforniýanyň ştat kazyýeti ýerli ulag departamentiniň şikaýaty esasynda, Tesla kompaniýasyna öz elektrik awtoulaglarynyň mümkinçiliklerini beýan edende "Autopilot" we "Full Self Driving" (Doly özbaşdak sürülýän) adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi...

düýn 14:05
4.7k+

BMW 3-iň özgeriş taryhy bir wideoda görkezildi: 1975-nji ýyldan başlap, 2034-nji ýyla çenli

Drive Morph atly YouTube kanaly BMW 3 seriýasynyň ewolýusiýasyna bagyşlanan wideony çap etdi. Sekiz minutlyk wideo modeliň 60 ýyllyk taryhyny — 1975-nji ýyldan häzirki güne çenli döwrüni öz içine alýar. Şeýle hem, awtorlar “üçlügiň” geljekde, ýagny 2034-nji ýylda nähili bolup biljekdigi baradaky öz garaýyşlaryny hödürleýärler...

düýn 00:33
5.5k+

Toyota Ýaponiýada ABŞ-da öndürilen awtomobillerini satyp başlar

Toyota Motor Corporation 2026-njy ýyldan başlap ýapon bazarynda ABŞ-da öndürilen üç modeli satyp başlamagy meýilleşdirýär: Camry sedany, Highlander ulagy we Tundra pikapy. Bu barada ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi...