Nissan täze Nissan Qashqai krossowerini geljek güýzde hödürlär

  • 29.01.2020 23:22
  • 2k+

Nissan kompaniýasy özüniň iki sany belli modelini täzelär we täze elektromobilini çykarar. Şu ýylda kompaniýa üçünji nesliň Qashqai we täze X-Trail modellerini hödürlär.
«Autocar» portalynyň berýän maglumatlaryna görä, X-Trail tomusda görkeziler. Awtomobiliň prototipi eýýäm ABŞ-da testden geçirildi.
Täze Qashqai krossoweri Ýewropa bazaryna niýetlenilen, sebäbi ol şol ýerde Nissanyň iň köp satylýan modeli hasaplanylýar. 2018-nji ýylda Ýewropada şeýle krossowerleriň 230 000 sanysy satyldy.
Qashqai krossowerini Frankfurtdaky awtosalonda sentýabr aýynda görkezerler. Krossower daşky görnüşi boýunça düýpli özgertmelere eýe bolar (has dogrusy, täze Juke krossoweriniň we geçen ýylyň martynda hödürlenilen IMq konseptiniň elementlerini ulanmak bilen). Onuň interýerinde hem birneme üýtgeşmeler bolar: şeýle üýtgeşmeler enjam paneliniň dizaýnyna we informasion-güýmenje ulgamyna degişli.
Qashqai krossowerini adaptirlenen CMF (Common Module Family) modul platformasynda çykararlar. Bu krossoweri benzin harçlaýjylygyny peseltmek üçin aram-gibrid gurluşy bilen sazlaşan pes kuwwatlykly benzin hereketlendirijisi bilen üpjün ederler.
2021-nji ýylda Nissan geçen ýyl Tokionyň awtosalonynda görkezilen Ariya konsepsiýasynyň esasynda dörediljek adaty ýoldan daşary niýetlenilen täze elektrik awtomobilini çykarmagy meýilleşdirýär. Internetde eýýäm bu awtomobiliň geçiş ýolunyň uzaklygynyň 480 kilometr, sagatda 96 kilometre çenli bat almanyň bolsa bäş sekuntdan az boljakdygy baradaky maglumatlar peýda boldy. Ariya awtonom dolandyrmanyň Nissan-ProPilot 2.0 iň öňdebaryjy tehnologiýasy bilen üpjün ediler.

şu gün 15:37
460

Kazyýet Tesla "Autopilot" we "Full Self Driving" adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi

Kaliforniýanyň ştat kazyýeti ýerli ulag departamentiniň şikaýaty esasynda, Tesla kompaniýasyna öz elektrik awtoulaglarynyň mümkinçiliklerini beýan edende "Autopilot" we "Full Self Driving" (Doly özbaşdak sürülýän) adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi...

şu gün 14:05
1.7k+

BMW 3-iň özgeriş taryhy bir wideoda görkezildi: 1975-nji ýyldan başlap, 2034-nji ýyla çenli

Drive Morph atly YouTube kanaly BMW 3 seriýasynyň ewolýusiýasyna bagyşlanan wideony çap etdi. Sekiz minutlyk wideo modeliň 60 ýyllyk taryhyny — 1975-nji ýyldan häzirki güne çenli döwrüni öz içine alýar. Şeýle hem, awtorlar “üçlügiň” geljekde, ýagny 2034-nji ýylda nähili bolup biljekdigi baradaky öz garaýyşlaryny hödürleýärler...

şu gün 00:33
4.4k+

Toyota Ýaponiýada ABŞ-da öndürilen awtomobillerini satyp başlar

Toyota Motor Corporation 2026-njy ýyldan başlap ýapon bazarynda ABŞ-da öndürilen üç modeli satyp başlamagy meýilleşdirýär: Camry sedany, Highlander ulagy we Tundra pikapy. Bu barada ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 12:55
3.1k+

Hytaýyň Exlantix ES elektrik sedany ýolda öwrümli hereket etmek boýunça rekord goýdy

Pan-Aziýa halkara synag meýdançasynda Exeed Exlantix ES BEV seriýaly elektrik sedany dünýä rekordyny goýdy we resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu üstünlik 30 sekundyň içinde hereket edip barýan iň köp ulaglaryň arasyndan geçmek" diýlip hasaba alyndy...