Xiaomi täze wirus zerarly Hytaýdaky ähli dükanlaryny ýapýar

  • 28.01.2020 22:18
  • 7.4k+

Xiaomi kompaniýasy Hytaýyň dürli şäherlerinde ýerleşýän ownuk söwdaly dükanlarynyň ählisini ýapýandygy barada resmi taýdan habar berdi. Bu Hytaýda möwç alan we dünýäniň beýleki käbir ýurtlarynda hasaba alnan täze koronawirus epidemiýasy bilen bagly.
Üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynyň 28-inden fewral aýynyň 3-üne çenli Xiaomi-niň Hytaýyň çäklerindäki ähli firma dükanlary ýapyk bolar. Deslapky maglumatlara görä, ýurtda ýagdaý beterleşen halatynda möhletler uzaldylar. Kompaniýa tarapyndan neşir edilen habarda günüň gününe has beterleşýän epidemiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek işlerine kömek etmegiň möhümdigi barada aýdylýar.
Kompaniýa dükanlaryň işini dikeltmek boýunça täze möhlet baradaky goşmaça bildirişleriň zerur bolan ýagdaýynda ýetiriljekdigini hem aýtdy. Xiaomi önümini satyn almak isleýänler kompaniýanyň resmi saýtynda ýa-da Xiaomi Mall programmasynda sargyt edip bilerler. Eltip bermäniň möhleti offlaýn-dükanlarynyň ýapykdygyna garamazdan, üýtgewsiz bolar.
Häzirki günde koronawirus bilen keselläleriň 2800-den gowrak ýagdaýy hasaba alnan, ol eýýäm Uhan şäherinde 80 adamyň ölümine getirdi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......