2020-nji ýylyň iň gowy 4 sany düwmeli telefony belli edildi

  • 28.01.2020 21:36
  • 8.7k+

Alymlar 2020-nji ýyldaky düwmeli iň gowy 4 sany telefony belli etdiler. Şeýle modelleriň artykmaç taraplarynyň biri ýokary awtonomlyk hasaplanylýar, mundan başga-da, soft hem-de apparatyň urga durnuklylygy hem möhümdir.
Hünärmenler ilki bilen BlackBerry Key2 we onuň sada warianty Key2 LE modellerini aýratynlandyrdylar. Key2 doly derejeli Android-e we QWERTY-klawiaturalaryna eýe boldy. Düwmeli telefon Snapdragon 660 öndürijilikli prosessory bilen enjamlaşdyrylan. Gajet 6 GB operatiw ýada, hersi 12 Mp bolan iki bölekli kamera, FHD IPS-ekrana eýe boldy. Batareýiniň sygymy – 3500 mA/sag.
LE-wersiýasynyň korpusy plastikadan edilen. Operatiw ýadyň göwrümi 4GB. Telefon iki bölekli kamera (12 + 5 Mp) eýe boldy, akkumulýatoryň sygymy – 3 000 mA/sag. Key 2-den tapawutlylykda, bu model klawiatura boýunça hereketleri dolandyryş funksiýasyny götermeýär.
Dörtlügiň yzyny «eplenilýän» Nokia 2720 Flip dowam etdirýär. Model wagty we zerur informasiýany şöhlelendirýän goşmaça displeý bilen üpjün edilen. Gurluş 4G, Wi-Fi ulgamyna eýe. Onuň korpusy gyssagly hyzmaty çagyrmaga niýetlenilen düwme bilen enjamlaşdyrylan. Prosessor – Snapdragon 205, operatiw ýadyň göwrümi 4GB, hemişelik ýat – 512 MB, batareýiň sygymy – 1500 mA/sag. Şeýle-de 2 Mp-li kamera bar.
Üçünji iň gowy düwmeli telefon Nokia 800 Tough. Ol beýlekilerden özüniň korpusy bilen tapawutlanýar: gajet özboluşly kapsulyň içinde ýerleşýär. 800 Tough IP68 standarty boýunça tozandan we suwdan goragly. Doly zarýad berlenden soň bu telefony dört günläp ulanmak bolýar.
Sanawda Nokia 8110 4G üçin hem ýer tapyldy. Tehniki taýdan ol ýokarda sanalanlary gaýtalaýar. Ol mobil apparatynyň stilli dizaýn äheňinde ýerine ýetirilen.

şu gün 01:16
309

ChatGPT ulanyjylaryň bank hasaplaryna elýeterli bolar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT üçin «Plaid» platformasy arkaly ulanyjylaryň bank hasaplaryny birikdirmäge mümkinçilik berjek täze funksiýany yglan etdi....

düýn 23:48
288

Microsoft täze we örän gymmat Surface planşetlerini we noutbuklaryny hödürledi

Microsoft kompaniýasy korporatiw alyjylar üçin niýetlenen, Intel-iň täze Panther Lake prosessorlary bilen üpjün edilen täze Surface Pro 12 planşetlerini we Surface Laptop 8 noutbuklaryny hödürledi....

düýn 16:26
1k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

düýn 13:59
1.9k+

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......