Howply wirusa garşy göreş ugrunda Huawei we beýleki ägirtler millionlarça dollar sarp edýärler

  • 28.01.2020 13:38
  • 8.7k+

Hytaýyň wirus zerarly has ejir çeken Uhan şäherinde koronawirusa garşy göreş ugrunda dürli smartfon kompaniýalary kömek üçin pul serişdelerini harç edýärler. Muňa Huawei, Oppo, Vivo, Nubia, Realme, TCL we Meizu kompaniýalary öz goşandyny goşdular.
Huawei Uhanyň haýyr-sahawat federasiýasyna epidemiýanyň öňüni almak üçin we oňa garşy göreşmek üçin 4,3 mln dollar töweregi pul geçirdi. Mundan başga-da, Huawei Uhan keselhanasynda 5G baza stansiýalaryny oturtmk işini tamamlady. Beýleki smartfon kompaniýalary Oppo we Vivo hem kömek üçin birmeňzeş puly sarp etdiler, TCL bolsa 1,5 mln dollar töweregi geçirdi.
TCL jemgyýetçilik ýerlerini ŽK-panelleri, kondisionerleri, holodilnikleri, kir ýuwujy maşynlary we beýleki zerur bolan önümler bilen mugt üpjün edýär.
Nubia bölümi Uhanyň haýyr-sahawat federasiýasynyň hasabyna 86 müň dollar töweregi pul geçirdi, Realme-niň we Meizu-nyň goşandy degişlilikde 72 we 43 müň dollar boldy.
Ilki Xiaomi, Lenovo we beýleki kompaniýalar kömek edipdi, olar gaýragoýulmasyz kömegi ýetirmek üçin ilkinji bolup gorag maskalary we esbaplary bilen üpjün etdiler.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......