Alymlar matematiki formula boýunça iň gowy kofeniň reseptini ýüze çykardylar

  • 27.01.2020 23:15
  • 4.3k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň matematikleri we himikleri kofeniň we gaýnak suwuň özara täsiriniň detallaryny öwrenmek bilen, iň gowy espressonyň taýýarlanyş reseptini ýüze çykardylar. Ylmy iş baradaky jikme-jik maglumatlar «Matter» ylmy neşiriniň sahypalarynda peýda boldy.
Espressonyň taýýarlanylyşy gaýnak suwuň üwelen kofe bilen birlikde süzgüçden geçirilmegini göz öňünde tutýar. Espressonyň reňki, hoşboý ysy we tagamy süzgüçdäki kofeniň möçberine, şeýle-de suwuň basyşy, temperaturasy we möçberi ýaly faktorlara-da bagly bolýar. Espressony söýüjiler şu faktorlaryň ujypsyzja üýtgeşmesi hem taýýar içginiň tagamyny düýpli üýtgedip bilýär diýip hasaplaýarlar.
Alymlaryň gelen iň esasy netijesi – ýokary hilli durnukly espressony taýýarlamak üçin kofe däneleriniň az mukdary gerek. «Eger-de ýigrimi däl-de, on bäş gram kofe alsaňyz we dänäni iri edip ownatsaňyz, onda siz çalt demlenilýän we ýokary hilli tagama eýe bolan içgini alarsyňyz» – diýip, alymlar belleýärler.
Şeýle netijäni çykarmak üçin, alymlar kofe maşynynyň kompýuter modelini işläp düzdüler, onda espressonyň taýýarlanylyşy alnyp barylýar. Model maşyn operatorynyň kontrollyk edip biljek faktorlaryny, şeýle-de taýýarlanyş prosesinde ýüze çykýan fiziki we himiki prosesleri nazara aldy. Iň esasy açyş – kofeniň durnuksyzlygynyň sebäbi onuň has ownuk görnüşde üwelmegidir. Has iri üwelme kofe bilen gyzgyn suwuň özara täsiriniň deň ölçegli bolmagyna ýardam berýär.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....