«Bugatti» gündelik ulanmaga niýetlenilen gymmat bolmadyk awtomobilini çykarar

  • 27.01.2020 22:33
  • 7.8k+

Bugatti brendi özüniň model lineýkasyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Veyron we Chiron giperkarlaryň hataryna her gün üçin niýetlenilen asyl täze we gymmat bolmadyk awtomobil goşular. Bu barada Autocar neşiri habar berýär.
Giperkarlary öndüriji fransuz kompaniýasy model hataryny täze we has amatly awtomobilleriň hasabyna giňeltmek pikirinden el çekenok. Öň HBS Bugatti-niň Chiron giperkarynyň has ykjam we elýeterli alternatiwasy bolup biljek täze awtomobilini işläp taýýarlamak mümkinçiligi barada Volkswagen kompaniýasy bilen gepleşikleri geçirýändigini habar berdi.
Häzirki wagtda «köpçülik» üçin awtomobili taýýarlamak barada gutarnykly çözgüt ýok, ýöne eger-de iş oňuna bolsa, onda täze önüm dört orunly gran-turer ýa-da güýçli elektrik gurluşly krossower bolar.
Täze model goldaw tapsa, onda onuň tiražy Chiron giperkaryndan ýokary bolar, ýöne bu eksklýuziwlige hiç hili täsir etmez. Häzirki günde Bugatti ýylda 100 töweregi awtomobil çykarýar, täze model bolsa önümçiligiň göwrümini 600-700 ulaga çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Ýewropa bazarynda bu täze önümi ilki britan ýaşaýjylarynyň, şeýle-de ABŞ-dan we Hytaýdan müşderileriň eýe bolmagyna garaşylýar. Dogrusy, bu hadysa 2025-nji ýyldan ir bolmaz.

şu gün 15:37
1.1k+

Kazyýet Tesla "Autopilot" we "Full Self Driving" adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi

Kaliforniýanyň ştat kazyýeti ýerli ulag departamentiniň şikaýaty esasynda, Tesla kompaniýasyna öz elektrik awtoulaglarynyň mümkinçiliklerini beýan edende "Autopilot" we "Full Self Driving" (Doly özbaşdak sürülýän) adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi...

şu gün 14:05
2.8k+

BMW 3-iň özgeriş taryhy bir wideoda görkezildi: 1975-nji ýyldan başlap, 2034-nji ýyla çenli

Drive Morph atly YouTube kanaly BMW 3 seriýasynyň ewolýusiýasyna bagyşlanan wideony çap etdi. Sekiz minutlyk wideo modeliň 60 ýyllyk taryhyny — 1975-nji ýyldan häzirki güne çenli döwrüni öz içine alýar. Şeýle hem, awtorlar “üçlügiň” geljekde, ýagny 2034-nji ýylda nähili bolup biljekdigi baradaky öz garaýyşlaryny hödürleýärler...

şu gün 00:33
4.7k+

Toyota Ýaponiýada ABŞ-da öndürilen awtomobillerini satyp başlar

Toyota Motor Corporation 2026-njy ýyldan başlap ýapon bazarynda ABŞ-da öndürilen üç modeli satyp başlamagy meýilleşdirýär: Camry sedany, Highlander ulagy we Tundra pikapy. Bu barada ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 12:55
3.2k+

Hytaýyň Exlantix ES elektrik sedany ýolda öwrümli hereket etmek boýunça rekord goýdy

Pan-Aziýa halkara synag meýdançasynda Exeed Exlantix ES BEV seriýaly elektrik sedany dünýä rekordyny goýdy we resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu üstünlik 30 sekundyň içinde hereket edip barýan iň köp ulaglaryň arasyndan geçmek" diýlip hasaba alyndy...