Apple arzan bahaly iPhone-y hödürlemäge taýýarlanýar

  • 27.01.2020 22:06
  • 8.1k+

Apple kompaniýasy «alma» gajetleriniň muşdaklary üçin garaşylmadyk sowgat taýýarlady: korporasiýa fewral aýyndan başlap arzan iPhone-y çykarmaga girişmegi meýilleşdirýär.
Hususy çeşmesine salgylanmak bilen Bloomberg neşiriniň ýazmagyna görä, gajet daşky görnüşi boýunça ekranynyň diagonaly 4,7 dýuým bolan iPhone 8-i ýatladar. Touch ID funksiýasy «Öýe» düwmesinde ýerleşdiriler, kompaniýa bu gezek Face ID tehnologiýasyny ulanmaz. Býujetli smartfon prosessoryny iPhone 11 flagmanyndan alar.
Neşir Apple kompaniýasynyň şeýle etmek bilen bazaryň býujetli tehnikalar bölegini eýeläp, onda özüniň tutýan ornuny has hem giňeltmegi meýilleşdirýändigini belleýär. Şeýle ädime badalga bolsa 5G tehnologiýalaryna eýe bolan täze gajetleriň ýüze çykmagy boldy.
Täze smartfonuň üstünde işlemek eýýäm fewral aýyndan başlar, onuň tanyşdyrylyşyny mart aýynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Täze gurluşyň bahasy barada heniz hiç zat belli däl.

şu gün 01:16
309

ChatGPT ulanyjylaryň bank hasaplaryna elýeterli bolar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT üçin «Plaid» platformasy arkaly ulanyjylaryň bank hasaplaryny birikdirmäge mümkinçilik berjek täze funksiýany yglan etdi....

düýn 23:48
288

Microsoft täze we örän gymmat Surface planşetlerini we noutbuklaryny hödürledi

Microsoft kompaniýasy korporatiw alyjylar üçin niýetlenen, Intel-iň täze Panther Lake prosessorlary bilen üpjün edilen täze Surface Pro 12 planşetlerini we Surface Laptop 8 noutbuklaryny hödürledi....

düýn 16:26
1k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

düýn 13:59
1.9k+

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......