Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Prezidentine gynanç bildirdi

  • 26.01.2020 13:40
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň gündogarynda bolup geçen ýertitreme zerarly hem-de bu betbagtçylygyň netijesinde köp sanly raýatynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Belläp geçsek, Türkiýäniň gündogarynda bolup geçen ýertitremede azyndan 22 adam aradan çykdy, 1000-den gowrak adam ejir çekdi. Rihteriň şkalasy boýunça 6,8 balla deň bolan ýertitremesi anna güni agşam Elýazyg welaýatynda hasaba alyndy. Bu ýerde 400 müňden gowrak adam ýaşaýar. Şeýle hem goňşy Malatýa hem ejir çekdi. Iki welaýatda onlarça binalar ýumruldy. Ýüzlerçe adamlar öýsüz galdylar. Ýertitremäniň täsirleri Türkiýäniň beýleki ýerlerinde, şeýle hem Ermenistanda, Gruziýada, Ysraýylda, Yrakda we Siriýada duýuldy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......