Zarýad beriji gurluşlary rozetkada galdyrmak bolýarmy?

  • 25.01.2020 23:10
  • 9.9k+

Häzirki zaman dünýäsini gajetlersiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin her bir adamda diýen ýaly zarýad beriji gurluşlar hem bar. Tehnikanyň çalt zarýadsyzlanýandygy üçin, onuň eýeleriniň aglabasy zarýadkany rozetkadan aýyrjak hem bolmaýarlar. Birinjiden, şeýle etmek amatly, ikinjiden, ony soňundan gözläp ýörmeli däl. Ýöne howpsuzlyk we tygşytlylyk nukdaýnazaryndan şeýle etmek bolýarmy?
Bilermenler zarýad beriji gurluşlary rozetkada galdyrmak bolýar diýip hasaplaýarlar. Eger-de olar düzüw bolsa, onda gorkuly hiç zat bolmaz. Çünki şeýle tehnikalar hemişelik ulanylyş üçin ýörite çykarylýar ahyryn. Emma döwük, düzüw däl gurluşlary bolsa hatda gysga wagtlyk ulanyp görmek hem howpludyr.
Tygşytlylyk barada aýdylanda, rozetkada galdyrylan zarýad beriji gurluş elektrik energiýany sarp etmegini dowam etdirer. Ýöne az: ýylda 3 kWt/sag töweregi bolar.
Şeýle-de bolsa haçan galdyrmak bolanok?
Gürrüňsiz gadagan etmeler we rugsat bermeler örän az. «Zarýad beriji gurluşy rozetkada galdyrmak howply» düzgüni hem şolaryň biri. Kähalatlarda düzüw zarýadkany hem beýlekiler ýaly rozetkadan aýyrmaly bolýan ýagdaýlary bolýar. Gürrüň güýçli tupan barada gidýär. Eger şeýle etmeseň, tehnika hatardan çykyp bilýär. Şeýle-de gysga utgaşma, ýanma ýaly we beýleki ýaramaz howplar hem bar. Şonuň üçin iň gowusy töwekgellik etmeli däl.
Eger-de zarýad beriji gurluş gyzýan bolsa, ony rozetkada galdyrmak bolýarmy?
Käbir ulanyjylar wagtyň geçmegi bilen, rozetkada goýlan zarýad beriji gurluşyň gyzýandygyny bilip başlaýarlar. Şeýle ýagdaýyň howplulyk derejesi temperaturanyň haçan we nähiliräk ýokarlanýandygyna bagly bolýar. Eger-de bu ýagdaý gurluş işjeň peýdalanylan ýagdaýynda ýüze çykýan bolsa, onda hiç hili gorkasy zat ýok. Käbir gajetleriň şeýle gyzmasy adaty ýagdaý hasaplanylýar.
Köplenç gyzma zarýadka bilen däl-de, rozetka bilen bagly bolýar. Eger-de elektrik simi köne bolsa, onda şeýle ýagdaýda seresaply peýdalanmaly, smartfony zarýad berlenden soň aýyrmaly.
Zarýad beriji gurluşy rozetkadan aýyrmagyň peýdasyna şulary bellemek bolýar.
- energiýanyň sarp edilmegi (köp däl, her niçik-de bolsa bar);
- dartgynlylygyň üýtgäp durmagy enjamy ýok edip bilýär;
- zarýadka siz aňmakaňyz, hatardan çykyp, howply bolup biler.
- kanunalaýyk ulanylyş möhletiniň artdyrylmagy wagtyndan öň zaýalanma getirýär;
Garşylyk
- döwrebap elektrik simi – bu zarýadkadan peýdalanýan wagtyňyz ýüze çykyp biljek dartgynlylygyň üýtgäp durmasy üçin o diýen uly töwekgelçilik däl.
- eger-de gurluş arzan bolsa, zaýalanmak prinsipial bolmagyny bes edýär.
- rozetkada duran zarýadkadan gelýän howp diňe bir gurluş bilen bagly däl. Her bir öýde hemişe holodilnik, kir ýuwujy maşyn we başga-da köp zatlar rozetka birikdirilen.
Bir söz bilen aýdylanda, kadaly işleýän zarýad beriji gurluşy rozetkada galdyrmak bolýar. Eger-de size ony aýyrmak ynjalykly bolsa, aýryp bilersiňiz. Ol özüňize bagly.

düýn 18:46
3k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...

düýn 15:52
6.5k+

Suzuki – Aşgabatda: Wagtyň synagyndan geçen ýapon awtoulaglary elýeter bahadan

Suzuki kompaniýasynyň taryhy 1909-njy ýylda, özem maşynlaryň wazzyldysyndan däl-de, dokma gurallarynyň kakuwyndan başlandy. Miçio Sudzuki dokma stanoklaryny öndürýän kompaniýany esaslandyrdy. Kompaniýanyň öndürýän enjamlary öz döwründen has ozduryp geçen ygtybarlylygy we innowasiýalary bilen tapawutlanýardy...

09.03.2026 17:16
6.6k+

«Sarpaly» dükany ýag alyp çalyşdyran müşderilere mugt filtrleri sowgat berýär

Gökdepe etrabyndaky «Sarpaly» awtoýag we tekerler dükany öz müşderileri üçin sowgatly aksiýa yglan etdi. Motor ýaglaryny satyn alan we çalşyran müşderilere dükända ýag hem-de salon filtrleri sowgat berilýär. Bu aksiýa 10-njy martdan 17-nji marta çenli dowam eder...

09.03.2026 15:25
16k+

Gijelerine -10 °C we sowuk şemal: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bu hepde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, käbir ýerlerde howanyň temperaturasy gijelerine -10 gradusa çenli peseler...