Geely kompaniýasy Volvo platformasyndaky sedanyny hödürlär

  • 24.01.2020 21:53
  • 3.5k+

Habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, Geely kompaniýasy öň Şanhaýda görkezilen Preface konsept-karynyň harytlyk wersiýasyna öwrüljek awtomobillerini synagdan geçirip başlady. Bu täze önüm Volvo bilen bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döredilen CMA modul şassisinde guruljak ilkinji sedany bolar.
Belläp geçmeli zatlaryň biri, CMA platformasynda 03 indeksli sedanyndan başlap, Lynk&Co brendiniň ähli modelleriniň esaslandyrylýandygydyr. Geely kompaniýasy bu arhitekturadan peýdalanypdy. Ýöne diňe öz krossowerlerini döretmek üçin peýdalanypdy.
Geely Preface konseptiniň tapgyrlaýyn wersiýasy şou-kardan tapawutlanar. Harytlyk görnüşinde herekete garşy açylýan gapylar bolmaz, onuň yzky bamperi hem üýtgeşik bolar we adaty daşky aýnalary bolar. Ilkinji maglumatlara görä, sedan 1,5 litr göwrümli 177-güýçli turbo motory bilen üpjün ediler.

şu gün 15:37
878

Kazyýet Tesla "Autopilot" we "Full Self Driving" adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi

Kaliforniýanyň ştat kazyýeti ýerli ulag departamentiniň şikaýaty esasynda, Tesla kompaniýasyna öz elektrik awtoulaglarynyň mümkinçiliklerini beýan edende "Autopilot" we "Full Self Driving" (Doly özbaşdak sürülýän) adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi...

şu gün 14:05
2.3k+

BMW 3-iň özgeriş taryhy bir wideoda görkezildi: 1975-nji ýyldan başlap, 2034-nji ýyla çenli

Drive Morph atly YouTube kanaly BMW 3 seriýasynyň ewolýusiýasyna bagyşlanan wideony çap etdi. Sekiz minutlyk wideo modeliň 60 ýyllyk taryhyny — 1975-nji ýyldan häzirki güne çenli döwrüni öz içine alýar. Şeýle hem, awtorlar “üçlügiň” geljekde, ýagny 2034-nji ýylda nähili bolup biljekdigi baradaky öz garaýyşlaryny hödürleýärler...

şu gün 00:33
4.6k+

Toyota Ýaponiýada ABŞ-da öndürilen awtomobillerini satyp başlar

Toyota Motor Corporation 2026-njy ýyldan başlap ýapon bazarynda ABŞ-da öndürilen üç modeli satyp başlamagy meýilleşdirýär: Camry sedany, Highlander ulagy we Tundra pikapy. Bu barada ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 12:55
3.2k+

Hytaýyň Exlantix ES elektrik sedany ýolda öwrümli hereket etmek boýunça rekord goýdy

Pan-Aziýa halkara synag meýdançasynda Exeed Exlantix ES BEV seriýaly elektrik sedany dünýä rekordyny goýdy we resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu üstünlik 30 sekundyň içinde hereket edip barýan iň köp ulaglaryň arasyndan geçmek" diýlip hasaba alyndy...