Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, täze saýt işläp başlady

  • 20.01.2020 21:46
  • 4.6k+

Şu ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň saýty işläp başlady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenilip düzülen ýokary derejeli forumyň resmi ulgamy 19-njy ýanwardan 20-nji ýanwara geçilen gije internete goýberildi. Ol Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanyldy.
Saýtyň baş wezipesi şol maslahata, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanan iri çärelere, bu şanly sene bilen bagly möhüm wakalara taýýarlyk görlüşini we barşyny beýan etmekden ybaratdyr.
Şu web-sahypada hem degişli görnüşleri dolduryp maslahata gatnaşmaga elektron görnüşde arza bermek bolýar we şahsy maglumatlar işlenilenden soňra onlaýn görnüşde hasaba aldyryp bolýar.
Saýt www.neutrality.gov.tm salgy boýunça ýüzlenen her bir isleg bildirene halkara forum hem-de onuň iş maksatnamasy barada giňişleýin bilmäge mümkinçilik berýär.
Täzeliklerden başga-da, ýurdumyzyň halkara durmuşyna degişli maglumatlary görkezýän fotosuratlar hem-de arhiw neşirleri bar. Ulanyjylar tarapyndan saýtda «şahsy otagy» açmak we ikitaraplaýyn aragatnaşyk mümkinçiligi göz öňünde tutulypdyr. Şolaryň kömegi bilen maslahatyň guramaçylyk toparyna elektron habarlary, soraglary, teklipleri, isleg-arzuwlary ibermek mümkin.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......