Alymlar smartfonlaryň ýanynda ýatmagyň howpludygyny duýdurdylar

  • 18.01.2020 22:58
  • 7.4k+

Kaliforniýanyň alymlary smartfony ýanyňda goýup ýatmagyň howpludygy barada aýtdylar. Şeýle «goňşuçylyk» kellagyrynyň döremegine, gulagyňda gohuň ýaňlanmagyna we ukusyzlyga getirip bilýär.
Smartfonuň köp eýeleri köplenç, gurluşy öz ýatýan ýeriniň ýanynda ýa-da kellesiniň gös-göni ýakynynda goýýarlar. Şeýle etmeklik organizm üçin howp salýar, çünki döwrebap telefonlar beýnä we adama zyýan ýetirýän radioýygylyklary goýberýärler. Esasan hem, olar organizmi ýaňy ösüp barýan ýetginjeklere has köp howp salýarlar. Şeýle ýagdaýda smartfony diňe bir ýatjak wagtyň daşda goýmaly däl-de, eýsem, gajetiň ulanylmagyny minimal derejä çenli çäklendirmeli. Uly we berkleşen organizm radioýygylykly şöhlelenmelere garşy durmaga ukyply bolýar, ýöne şonda-da telefony kelläň ýanynda köp saklamaklyk maslahat berilmeýär. Hatda telefonda gürleşen wagtyňyzda hem iň gowusy nauşnikden peýdalanmaly. Şeýle edilmese, adamda migren, gulagynda ses ýaňlanma we ukusyzlyk döräp başlaýar.
Ekspertler smartfonuň uzak wagtlap ulanylmagynyň rak keseliniň, önelgesizligiň we beýleki keselleriň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyryp bilýändigini belleýärler. Gajetleriň şöhlesi ýada we eşidişe hem zyýan ýetirýär.
Alymlaryň smartfonlaryň rak kesellerini ýüze çykarmaga ukyplydygy barada edýän ätiýaçlyklaryna we nygtamalaryna garamazdan, heniz anyk baglanyşygy ýüze çykarmak başartmady. Ýöne şeýle ýagdaýda-da, lukmanlar smartfonlaryň ulanylmagyny mümkin bolan minimum derejä çenli çäklendirmek we olary iň bolmanda ýatmazyňdan iki sagat öň ulanmazlyk, gurluşy ýatýan ýeriňden mümkin boldugyndan daşda saklamak pikirleri bilen ylalaşýarlar.

düýn 14:55
1.9k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......