Aşgabadyň merkezinde täze awtomobil tuneli gurulýar

  • 17.01.2020 21:07
  • 7.5k+

Aşgabatda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ikiderejeli ulag geçelgesiniň gurluşygy alnyp başlandy. Ýerasty tuneliň we dört sany pyýada geçelgäniň gurluşygyny bäsleşikde ýeňiş gazanan «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy alyp barýar.
Ikiderejeli ulag geçelgesini döretmek zerurlygy Aşgabatda awtoulaglaryň sanynyň artmagy bilen şertlenendir. Geçen ýyllarda şäherde gurlan köprüler, iki we üç derejeli geçelgeler ulag ýüküni düýpli ýeňilleşdirmäge ýardam etdi.
Ýerasty tuneliň taslamasy şäher arhitektorlary we taslamaçylary tarapyndan bu ugurdaky öňdebaryjy tejribäni ulanmak hem-de häzirki zaman dizaýnerçilik çözgütlerini peýdalanmak arkaly ýerine ýetirildi.
Bu ýol geçelgesinde tuneliň üstünde sekizburçluk görnüşinde sütün oturdylyp, onuň dört tarapyna hem 8х8 metr ölçegli telewizoryň ekrany ýerleşdiriler. Ýol-ulag infrastrukturasynyň täze desgasy şu ýylyň sentýabrynda ulanyşa giriziler.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......