Ýöreýşiň tizligi saglyga täsir edip bilermi?

  • 16.01.2020 23:24
  • 3.8k+

Lester medik-biologik barlaglar Merkeziniň alymlary ýöreýiş tempi bilen adamyň ömür dowamlylygynyň arasynda arabaglanyşygyň bardygyny anykladylar.
Merkeziň barlag topary 7 ýyllap gözegçilik geçirdiler. Beýik Britaniýanyň tas ýarym million ýaşaýjysy günüň dowamynda amala aşyrýan adaty ýöreýişleriniň tempi we tizligi barada maglumatlary ýetirdiler. Britaniýalylara öz ýöreýişleriniň tizligini bahalandyrmak zerurdy: haýal, ortaça we çalt. Ýöreýşiň tempi organizmiň işleýşine we öz wezipesini ýerine ýetirmegine täsir edýän eken.
Näçe çalt bolsa, şonça gowy. Mayo Clinic Proceedings žurnalynda neşir edilen netijeler şuňa şaýatlyk edýär: çalt ýöreýänler haýal ýöreýänlere garanda uzak ýaşaýarlar. Ýöreýşiň özi goşmaça ömür bermeýär, ol bakylygyň eliksiri hem däl. Ýöne hereketiň özi we çalt hereket edip bilmek ukyby bolsa uzak we işjeň ýaşaýşa bolan mümkinçiligi artdyryp biler.
Haýal temp zyýanlymy. Eger-de siziň gowşak, haýal tempiňiz bar bolsa we siz agyrlyk duýýan bolsaňyz hem-de çalt ýöräniňizde demigýän bolsaňyz, bu ýürek-damar sistemasy bilen bagly meseläniň bardygynyň alamatydyr. Şeýle ýagdaýda hünärmene görünmeli. Eger-de siziň ähli zadyňyz sagat bolsa we size gezelenç etmek, tämiz howadan lezzet almak ýaraýan bolsa, bu lezzetden özüňizi mahrum etmäň we marafonlary hem gurnamaň. Haýal ýöreýiş hem peýda getirýär we fiziki formany saklamaga kömek edýär. Pyýada gezelençleriň netijesinde gan damarlar boýunça ýokary derejede hereket edýär we organlary kislorodyň köp mukdary bilen üpjün edýär. Gezelenjiň peýda getirmegi we organizme täsir etmegi üçin ol azyndan 30-40 minut dowam etmeli.
Iň esasy zat – yzygiderlilik. Gezelençler günde we goşmaça zorluksyz ýerine ýetirilmeli. Kelläňizi ýöreýiş wagtynda tutuş kükregiňiz bilen dem alyp biler ýaly ýokary saklamaly. Egniňiz gowşadylyp, öz ugruna goýberlen bolmaly, şol bir wagtda arkaňyzy göni saklamaga çalşyň.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....