Tutuş dünýä «The Beatles» gününi belleýär

  • 16.01.2020 23:23
  • 1.6k+

Bu gün sazyň muşdaklarynyň her biriniň aýdym diňleýji enjamlaryndan ähli döwrüň we halklaryň iň meşhur saz toparynyň – Liwerpuldan meşhur dörtlügiň «Yesterday», «Yellow Submarine», «Let It Be» we başga-da birnäçe eserleri ýaňlanýar. ÝUNESKO-nyň karary boýunça 2001-nji ýyldan bäri 16-njy ýanwarda «The Beatles-iň» Bütindünýä güni bellenilip gelinýär.
Bu baýramyň senesi tötänlikden saýlanylan däl. 1957-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Liwerpulda «The Cavern» kluby açylýar, ine, şu ýerden hem heniz hiç kime belli bolmadyk ýaş sazandalar Jon Lennon, Pol Makkartni we Jorj Harrison şöhrata tarap öz ýoluny başlaýarlar. Birnäçe ýyldan soň olara ýene bir «bitl» Ringo Starr hem goşulýar.
1964-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda «The Beatles-iň» taryhynda ýene bir belli waka bolup geçýär: «Cashbox» žurnaly amerikan hit-paradynda «I Want To Hold Your Hand» aýdymyna birinji ýeri berýär.
Adaty düzümde «The Beatles» sekiz ýyl zähmet çekýär. Şol wagtyň içinde-de olar resmi taýdan 13 sany albomyny çykarýarlar, ol aýdymlaryň her biri bolsa hakyky hite öwrülýär.
Topar birbada «The Beatles» (beetle (tomzak) we beat (urmak, urgy, ritm) sözlerinden) diýlip atlandyrylmaýar. Ilkibaşda ol «The Quarrymen» (sazçylaryň okan Quarry Bank mekdebiniň şanyna), soňra Johnny and The Moondogs we Long John and The Silver Beetles adyny alýarlar.
Bu topar 1963-nji ýylda «Please Please Me» aýdymy çykandan soň tutuş dünýä tarapyndan ykrar edilýär.

12.05.2026 18:30
1.6k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.4k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....