«Властелин колец» esasynda döredilen serialyň aktýor düzümi belli edildi

  • 15.01.2020 23:23
  • 3.5k+

«Властелин колец» trilogiýanyň esasynda döredilen täze serialyň aktýor düzümi belli boldy. Bu taslamanyň üstünde Amazon kompaniýasy işleýär. Sanawa 15 artist girdi. Olaryň arasynda «Игра престолов» filminiň ýyldyzy hem bar, diýip Deadline ýazýar.
Kino düşmäge Robert Aramaýo («Игра престолов» filminde ýaş Ned Stark), şeýle-de Jozef Moul, Çarli Wikerz, Owaýn Artur, Nazanin Boniadi, Sofiýa Nomwete, Megan Riçards we beýleki meşhur adamlar gatnaşarlar.
Häzirki wagtda ol ýa-da beýleki bir roluň kime degişli boljakdygy barada maglumat ýok.
Amazon kompaniýasy «Властелин колец» boýunça döredilen serialyň bäş möwsümini düşürmegi göz öňünde tutýar. Teletaslamada Jon Tolkiniň romany esasynda döredilen trilogiýadaky bolup geçýän ozalky wakalaryň görkeziljekdigi bellidir.
Döredijiler serialyň sýužetini gizlin saklaýarlar. Bir zat belli, wakalar Hökmürowanlyk Ýüzüginiň ýaňy dörän wagtynyň çäklerinde ýaýbaňlanyp başlar.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....