200 ýylyň içinde adamyň kadaly temperaturasy pese düşdi

  • 14.01.2020 23:26
  • 3.9k+

Adamyň bedeniniň kadaly temperaturasy soňky 200 ýylyň içinde pese düşdi. Şeýle netijä Stenford uniwersitetiniň alymlary geldiler, «Газета.ру» neşiri habar berýär.
Habar berlişine görä, XIX asyryň ortalarynda 37 gradus kadaly hasaplanylýardy. Mysal hökmünde getirsek, alnan maglumatlar boýunça, 1851-nji ýylda nemes lukmany Karl Wunderlih 25 müň müşderini barlagdan geçirdi we sagdyn adamlaryň temperaturasynyň 37-ä deňdigini anyklady.
Alymlar bu temperatura ölçegini beýlekiler bilen deňeşdirip gördüler: 1862-nji ýyldan 1930-njy ýyla çenli, 1970-nji ýyllarda we 2007-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli geçirilen lukmançylyk barlaglarynyň maglumatlaryny bir ýere jemlediler. Şonuň esasynda syrkawlaryň bedeniniň başky ýagdaýdaky ortaça temperaturasynyň ikinjä garanda ýokarydygy anyklanyldy. Şoňa görä, ikinji nusga hem üçünjä garanda has ýokary temperaturany görkezdi. Şundan ugur alyp alymlar, takmynan, 150 ýylyň içinde sagdyn adamyň her ýylda üç ýa-da dört müň gradus «sowaşandygyny» hasapladylar. Ekspertler şeýle tendensiýanyň diňe bir nusganyň çäklerinde hem öwrenilendigini bellediler, ýagny 1860-njy ýyllarda adamlar 1930-njy ýyllara garanda «gyzgyn» bolupdyrlar.
Ylmy işiň awtorlary munuň sebäbi barada birnäçe wersiýalary öňe sürýärler. Birinjiden, olaryň pikiriçe, lukmançylygyň ösüşi täsir etdi: ol ýokanç keselleriniň derejesiniň peselmegine getirdi, has täsirli dermanlar ýüze çykdy, diýmek, organizme kesel bilen göreşmek üçin az güýç gerek. Mundan başga-da, alymlar howany sowadyjy tehnologiýalaryň-da ornunyň bolan bolmagy baradaky pikiri hem öňe sürýärler: adamlar kondisionirleme sistemasyny ýygy-ýygydan ulanyp başladylar, munuň bolsa madda çalşygyna täsir eden bolmagy ahmal.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....