«Oskar» baýragynyň dalaşgärleri belli edildi: «Joker» - liderlikde

  • 14.01.2020 23:24
  • 3k+

Amerikan kino akademiýasy «Oskar» baýragyna dalaşgärleri mälim etdi. «Joker» filmi iň köp nominasiýalarda hödürlenildi («Iň gowy kartina», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy aktýor», «Iň gowy adaptirlenen ssenariý», «Iň gowy makiýaž» we beýlekiler).
«Iň gowy film» nominasiýasynda altyn heýkel üçin «Ford Ferrarä garşy», «Irlandiýaly», «Jojo towşanjyk», «1917», «Bir gezek Golliwudda», «Parazitler», «Kiçijek zenanlar» we «Nika wakasy» filmler hem bäsleşer.
Amerikan kino akademiýasynyň esasy baýragyna dalaşgärleriň arasynda Russiýanyň hem işi bar. Praganyň kinosungat Akademiýasynyň talyby Darýa Kaşeýewanyň «Gyz perzent» multfilmi we «Saçlak söýgi», «Kotbul», «Ýatdan çykmajak», «Uýa» multfilmleri «Iň gowy gysga metražly animasion filmi» nominasiýasynda hödürlenildi.
Gysga sanawa giren başga-da rus işlerinden: Kantemir Balagowyň «Dylda» kartinasy, Wiktor Krasowskiýniň «Akwarel» dokumental filmi we Konstantin Bronzitiň «Ol kosmossyz ýaşap bilmez» multfilmi – nominantlaryň sanawyna goşulmady.
«Iň gowy erkek adamyň roly» nominasiýasyna hödürlenildi: Antonio Banderas, «Agyry we şöhrat»; Leonardo Di Kaprio “Bir gezek… Golliwudda»; Adam Draýwer, «Nika wakasy»; Hoakin Feniks, «Joker»; Jonatan Praýs, «Iki kaka».
«Iň gowy daşary ýurt filmi» nominasiýasyna: «Kristi Korpusy» (Polşa), «Ballar dünýäsi» (Demirgazyk Makedoniýa), «Biçäreler» (Fransiýa), «Agyry we şöhrat» (Ispaniýa), «Parazitler» (Günorta Koreýa).
Baýragyň gowşurylyş dabarasy 9-njy fewralda Los-Anjelesde geçiriler.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....