Prisedaniýäniň saglyk üçin garaşylmadyk peýdasy ýüze çykaryldy

  • 12.01.2020 12:06
  • 5.4k+

Prisedaniýe (oturyp-turma) diňe bir gelşikli syraty döretmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, saglyk üçin peýdaly bolan başga-da birnäçe artykmaçlyklara eýedir. Işjeňligiň şeýle görnüşi diňe aýaklara däl-de, tutuş bedene hem oňaýly täsir edýär.
Käbir adamlaryň sportzala gatnamaga wagty bolmaýar, ýöne pes fiziki işjeňlik saglyk bilen bagly meselelere getirip bilýär. Prisedaniýäni islegi bolan her bir adam özleşdirip biler. Şeýle ýagdaýda diňe bir aýagy däl, eýsem, tutuş bedeniň myşsalaryny berkitmek bolýar. Eger-de bu maşk dogry ýerine ýetirilse, onda onuň organizme täsiri ýokary bolýar. Bu testosteronyň işjeň çykarylmasy üçin hem şertlendirilendir. Yzygiderli prisedaniýe edýän adamlaryň deňagramlyk duýgusy kämilleşýär, bu ýaşy uly adamlar üçin has möhümdir. Ýerine ýetirilen işjeňligiň hasabyna myşsalar berkeýär we has netijeli hereket edýärler, adama bolsa öz bedenine erk etmek ýeňil düşýär.
Prisedaniýe prosesinde ýagyň «ýakylmasy» we kaloriýanyň has köp mukdarda sarp edilmesi bolup geçýär. Işjeňligiň şeýle görnüşiniň diňe aýagyň myşsalaryny däl-de, press we ýagyrny myşsalaryny hem berkidýändigi hemmelere mälim bolman biler. Türgenleşikli adamlarda lipid çalşygy we glýukozanyň derejesi sazlanýar, bu bolsa diabetiň we ýürek-damar näsazlyklarynyň ýüze çykmak howpuny peseldýär.
Hünärmenler prisedaniýeni dogry ýerine ýetirmelidigini belleýärler. Aýagy egniň giňligi boýunça goýmak, arkany göni saklamak, dyzy bolsa dabanlar bilen deň derejede saklamak hökmanydyr. Soňra daban bilen topugyň arasynda 90 gradus emele geler ýaly ýagdaýda oturmaga başlamaly. Başlangyçlar üçin 15-20 gezekden 2-3 ýola ýerine ýetirmek ýeterlik, muny hepdede 2-3 gezekden az etmeli däl.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....