«Турки идут: меч справедливости» filmi premýerasyndan öň rekord täzeleýär

  • 11.01.2020 18:32
  • 8.7k+

17-nji ýanwarda «Türkler barýarlar: adalat gylyjy» («Турки идут: меч справедливости» filminiň dünýä boýunça premýerasy geçiriler. Bu kartina «Ajaýyp asyr» («Великолепный век») göwrümli kartinadan bäri iň bir garaşylýan premýera bolup durýar. Bu barada «РусТуркей» neşiri habar berýär. Bäş günüň içinde taryhy dramanyň täjirçilik-roligini internet torunda 20 milliondan gowrak adam gördi. Bu film ABŞ, Kanada, Braziliýa, Meksika, Awstraliýa, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa, Gollandiýa, Italiýa, Russiýa, Günorta Afrika, Hindistan, Indoneziýa, Malaýziýa, Katar, Azerbeýjan, Gazagystan ýurtlarynda we başga-da birnäçe ýurtlarda birwagtda çykar.
Kartinanyň sýužeti 1389-njy ýylyň 15-nji iýunynda bolup geçen Kosowo meýdanyndaky söweşiň çäginde gurnalan. Şonda türk-osmanlarynyň goşuny serb feodallary bilen Bosniýa şalygynyň birleşen goşunyny derbi-dagyn edýär.
Kartinanyň režissýory eýýäm «Воскресший Эртугрул» we «Основание Осман» lentalary boýunça belli bolan Mehmet Bozdag. Onuň pikiriçe, bu film «Великолепный век» filmine bäsdeş bolup biler.
Baş rollarda meşhur türk artistleri Seraý Kaýa, Eren Wurdem, Emre Kywyljym, Lewent Ozdilek we beýleki aktýorlar çykyş edýär.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....