Gök çaýyň yzygiderli içilmegi ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmak howpuny peseldýär

  • 11.01.2020 18:27
  • 5.1k+

Pekinde lukmançylyk ylymlarynyň Hytaý akademiýasynyň alymlary gök çaýyň peýdaly alamatlaryny öwrendiler. Olar bu içginiň ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmak howpuny peseldýändigini bellediler.
Barlagyň çäginde, öň ýürek tutma, insult we rak keselleri bilen «çaknyşyp» görmedik 100 902 adamyň saglyk ýagdaýy öwrenildi. Olaryň endiklerini öwrenmek bilen alymlar çaýyň kabul edilmeginiň ömür dowamlylygyny 1,26 ýyl uzaldýandygyny kesgitlediler. Bu içginiň muşdaklarynda ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmak howpy 22% pese düşýär.
Barlaga gatnaşyjylaryň 49%-i gök çaý, 8%-i gara çaý içdiler, beýlekiler bolsa hoşboý ysly beýleki görnüşleri özlerine has ýakyn hasapladylar. Birinji içgi ýürek keseliniň we rak keseliniň güýçlenmek howpuny 25% peseltmek bilen iň peýdalysy boldy. Alymlar şeýle täsiri gök çaýyň düzüminde polifenolyň barlygy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu peýdaly madda beýleki görnüşlerde hem bar, ýöne fermentleşen görnüşde, şonuň hasabyna hem antioksidant täsiri pese düşýär. Içgä süýdüň goşulmagy bolsa, organizme bolan peýdaly täsirini has hem pese düşürýär.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....