Taryhda iň girdejili multfilm atlandyryldy

  • 11.01.2020 18:22
  • 6.2k+

«Sowuk ýürek – 2» («Холодное сердце – 2») multfilmi «Walt Disney» kompaniýasynyň 2019-njy ýylda 1 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnamagy başaran altynjy proýekti.
«Sowuk ýürek – 2» kinematografiýanyň tutuş taryhynyň dowamynda iň girdejili multfilm boldy. Bu barada Box Office Mojo portaly habar berýär. Annanyň we Elzanyň başdan geçirmeleriniň ikinji bölümi prokatda $1,328 mlrd gazandy.
Bu multfilm birinji bölümi bolan «Холодное сердце» we «Суперсемейки – 2» multfilmleriniň ($1,281 mlrd we $1,243 dollar) goýan rekordyny täzelemegi başardy.
Ähli döwürleriň iň girdejili kinolentalarynyň sanawynda bu multfilm 14-nji orny eýeleýär. Box Office Mojo portalynyň maglumatlaryna laýyklykda, taryhda iň girdejili film tutuş dünýä boýunça prokatda $2,797 mlrd ýygnan «Мстители. Финал» hasaplanylýar. Şeýlelik bilen, doganlar Entoni we Jo Russonyň bu kartinasy Jeýms Kemeronyň 2009-njy ýylda prokata çykan we tutuş dünýäde $2,789 ýygnan «Awatar» filminden öňe geçdi. Iň girdejili filmleriň sanawynda üçünji orny $2,187 ýygnamagy başaran «Titanik» filmi eýeleýär.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....