«Türkmenhowaýollary» Eýranyň howa giňişligiden uçuşlary togtadýar we täze gatnawlary açýar

  • 10.01.2020 17:11
  • 10k+

Raýat awiasiýasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň ähli howa gatnadyjylary üçin Eýranyň howa giňişliginden uçuşlary wagtlaýyn togtatmak hakynda karar kabul edildi. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.
Bu çözgüt üstaşyr awiagatnawlara hem, Eýranyň howa menzillerinde gonup geçýän uçuşlara hem degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistan» Awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 10.01.2020 seneden Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat, 13.01.2020 seneden bolsa Aşgabat – Dubaý – Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlary wagtlaýyn togtadýar.
Şeýle hem «Turkmenistan Airlines» 2020-nji ýylyň 2-nji fewralyndan Jidda (Saud Arabystany Patyşalygy) we Malaýziýanyň paýtagty Kuala–Lumpura yzygiderli howa gatnawlaryny amala aşyryp başlaýar. Bu ugurlar boýunça ýolagçy gatnawlar Boeing – 777-200 LR kysymly uçarda amala aşyrylar.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......