2020-nji ýylyň iň garaşylýan filmleri

  • 09.01.2020 23:02
  • 9.2k+

Petekleriň satuwy boýunça amerikan gullugy bolan Fandango tomaşaçylardan pikir soraşma geçirmek arkaly 2020-nji ýylyň iň garaşylýan filmlerini atlandyrdy. Bu barada Ria Nowosti Collidere salgylanyp habar berýär.
Bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň iň garaşylýan kino lentalarynyň sanawynda birinji ýerde baş keşpde Gal Gadot janlandyran «Täsin zenan 1984» («Чудо женщина 1984») durýar.
Ondan soňra, Skarlet Ýohansenli «Gara dul» («Черная вдова»), Marvel studiýasynyň «Ebediler» («Вечные») filmi we disneý multfilmi bolan «Mulanyň» ekranlaşdyrylmagy gelýär. Agzalyp geçilen filmleriň ählisiniň hem režisýorlary zenanlardyr.
Sanawyň onlugyny şu filmler jemleýär: Jeýms Bond baradaky soňky film «Ölmegiň wagty däl» («Не время умирать»), «Ýuwaş ýer 2» («Тихое место 2»), «Ýabany guşlar: Harli Kwinniň haýran galdyryjy wakasy» («Хищные птицы: Потрясающая история Харли Квинн»), «Belentlikde» («На высоте»), Pixar studiýasyndan «Ruh» («Душа») we «Forsaž 9» («Форсаж 9»).

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....