Depressiýanyň esasy alamatlary aýdyldy

  • 08.01.2020 23:55
  • 3k+

Kähalatlarda keýpiň bolmazlygy hakyky depressiýa ýagdaýyna çenli baryp ýetýär. 
Amerikaly psihiatr we psihoterapewt Jennifer Peýn adaty keýpsizligiň depressiýa çenli baryp ýetendigini nädip kesgitlemelidigini gürrüň berýär. Möhüm şert – dowamlylyk. Eger-de bu alamatlar iki hepde bäri dowam edýän bolsa, onda lukmana görünmeli, diýip MedikForum ýazýar.
Siz adatdakydan köp ýa-da az iýýärsiňiz. Depressiýany emele getirýän gaýgy, göwnüçökgünlik we özüňe pes bermek ýaly emosiýalaryň birikmegi sizi duýgularyňyzy iýmitiň kömegi bilen köşeşdirmäge mejbur edip biler. Ýa-da tersine, siz iýmite bolan islegiňizi ýitirersiňiz.
Siz has köp ýa-da has az ýatyp başlaýarsyňyz. Dowamly uky psihika üçin «gaçybatalga» bolup biler. Ýarym uky ýa-da ukusyzlyk eýýäm kyn ýagdaýdyr.
Sizi birwagtlar gyzyklandyrýan zatlar size ýaraman başlaýar. Depressiýa sizi gyzyklandyrýan ýumuşlaryňyza we hobbiňize parhsyzlygy ýüze çykarýar. Bu bolsa, elbetde, ahyrynda sizi daş-töweregiňizdäkilerden çetleşmäge mejbur edýär. 

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....