Türkmenistanyň Prezidenti ukrainaly kärdeşine awiaheläkçiliginiň pidalary zerarly gynanç bildirdi

  • 08.01.2020 22:03
  • 6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä Tähran şäheriniň Ymam Homeýni adyndaky halkara howa menziliniň golaýynda «Ukrainanyň halkara howaýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly, gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Deslapky maglumatlar boýunça çarşenbe güni irden Tähran şäherinde heläkçilige uçran Boeing 737-800 NG howa gämisinde Eýranyň 82 raýaty, Kanadanyň 63, Ukrainanyň 11 (şol sanda ekipaž), şeýle hem Şwesiýanyň, Owganystanyň we Beýik Britaniýanyň raýatlary bardy.
176 adamyň pida bolmagyna getiren awiaheläkçilik çarşenbe güni irden bolup geçdi. «Ukrainanyň halkara howaýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçary Tähran – Kiýew ugry boýunça gatnawy amala aşyrýardy. Ol Tährandan ýerli wagt bilen irden 6:10-da uçýar we birnäçe minutdan radarlardan ýitirim bolýar.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......