Uzak ýaşamak üçin günde näçe gezek otžimaniýe etmelidiginiň anyk sany anyklanyldy

  • 07.01.2020 23:19
  • 9.6k+

Amerikan hünärmenleri erkek adamlaryň ömrüni uzaltmaga ýardam edýän otžimaniýanyň anyk sanyny anykladylar. Garward uniwersitetiniň hünärmenlerine bu maşk bilen erkek adamlaryň saglygynyň arasyndaky özara baglanyşygy ýüze çykarmak başartdy. Bu barada internet-çeşmesi habar berýär.
Fiziki maşklaryň saglyk üçin peýdasy hemmä belli bolan faktdyr. Muňa garamazdan, ABŞ-nyň alymlary eksperiment geçirdiler, bu bolsa zerur bolan hereketleriň anyk sany baradaky soraga jogap tapmaga mümkinçilik berdi.
10 ýyl töweregi geçirilen barlagyň dowamynda hünärmenler otžimaniýanyň ýürege oňaýly täsir edýändigini anykladylar. Alymlaryň aýtmagyna görä, ýürek-damar keselleriniň güýçlenmek howpuny 96% pese düşürmek üçin erkek adamlara günde 40 gezek otžimaniýe etmek ýeterlik.
Statistik maglumatlar 10 gezek gaýtalamadan köp ýerine ýetirip bilmeýän adamlaryň infarkta we insulta has köpräk sezewar bolýandygyny görkezýär.
Eger-de bu görkeziji 30-40-a çenli artdyrylsa, onda howply keselleriň güýçlenmek howpy hem 75% pese düşýär.
Ahyrynda alymlar otžimaniýanyň ýüregiň işleýşine oňaýly täsiriniň erkek adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmaga ýardam edýändigi baradaky netijä geldiler.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....