Beýni üçin iň peýdaly witaminler

  • 07.01.2020 20:12
  • 12k+

Beýniň kadaly işleme gazanylmazdan, özüňi oňat duýmak we ähli beden agzalaryňy gowy ýagdaýda saklamak mümkin däl.
— E, C we A witaminleriň yzygiderli kabul edilmegi beýni üçin peýdalydyr – diýip, lukmanlar nygtaýarlar. Bu barada Telegraf habar berýär.
E witamini ösümlik ýagynda we mesgede, süýtde, ýumurtgada saklanmak bilen, beýni öýjüklerini goraýar.
C witamini pikirleniş prosesiniň işjeň hereket etmegi üçin diýseň peýdaly, oňa diňe bir sitruslar däl, eýsem, islendik gök önüm, gara smorodina, oblepiha we itburun miwesi hem baýdyr.
A witamini beta-karotiniň esasynda ýüze çykýar. Gara-gök we mämişi önümler – beta-karotiniň çeşmesi. A witamin treskanyň bagrynda, bolgar burçunda, süýt önümlerinde, balykda hem bar.
Ýatlap geçsek, Günorta Awstraliýa uniwersitetiniň ýanyndaky Takyk saglygy goraýyş merkeziniň alymlary depressiýanyň 22 sany dürli keseliň ýüze çykmagynyň sebäbidigini anykladylar. Bellenilişi ýaly, depressiýa ýüregiň işemiýa keseliniň, demgysmanyň, ezofagitiň we gastroenteritiň ýüze çykmagyna getirýär. Hünärmenler genetiki barlag arkaly (MR-PheWAS-analiz) 337-536 adamyň maglumatlaryny öwrenmek bilen şeýle netijä geldiler.

düýn 23:49
506

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....