Lukmanlar stressden dynmagyň aňsat usulyny aýtdylar

  • 05.01.2020 23:34
  • 4.5k+

Seýilgählerde gyşyna ylgamak stress bilen göreşmegiň netijeli usuly hasaplanýar. Bu barada lukmanlar belleýär.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, eger-de fiziki işjeňlik wagtynda howa güneşli bolsa, onda adamda D witaminiň ýetmezçiliginiň üsti doldurylar. Mundan başga-da, tebigat bilen aragatnaşyk stressden dynmaga we serotoniniň (şähdaçyklygyň gormony) hem-de ganyň düzüminde adrenaliniň derejesiniň ýokarlanmagynyň hasabyna şähdiňi açmaga kömek edýär.
Şeýlelik bilen, açyk howada ylgamak adam üçin depressiýa garşy özboluşly derman bolup biler.
Gyşyna açyk howada ylgamaklyga dogry çemeleşmek immunitetiň berkemegine, organizmiň taplanmagyna we sowuklama keselleriniň öňüni almaklyga ýardam eder.
Şeýle-de, hünärmenler sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmagy hem maslahat berýär. Bellenilişi ýaly, konkide typmak buduň myşsalaryny berkitmäge ýardam edýär. Ýöne buzda typmaga çykmazdan ozal, şikesden gaça durar ýaly sportuň görnüşine degişli başlangyç hereketleri öwrenmeli.
Lukmanlar hetdenaşa fiziki agramlygyň ýadawlyga we sussupeslik ýagdaýyna getirip biljekdigini hem ýatlatdy.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....