Samsung «CES 2020» sergisinde mikroyşykdiodly displeýleri baradaky meýillerini gürrüň berer

  • 04.01.2020 22:39
  • 1.8k+

Pudagyň wekillerinden alnan maglumatlara salgylanmak bilen, çeşmeleriň habar bermegine görä, Samsung Electronics kompaniýasy 7-10-njy ýanwarda geçiriljek «CES 2020» sergisinde mikroyşykdiodly displeýleri baradaky meýilleri bilen tanyşdyrar. Kompaniýanyň önümi öndürmegiň grafiginde displeýleriň tehniki häsiýetnamasy, maýa goýumlaryň göwrümi baradaky maglumatlary bellemegine garaşylýar.
Samsung kompaniýasy «CES 2019» sergide 75 dýuýmly kwazimikroyşykdiodly displeýini görkezipdi. Bu ýylky «CES» sergisinde bolsa onuň hakyky mikroyşykdiodly displeýi hödürlemegine garaşylýar.
Bellenilip geçilen 75 dýuýmluk displeý üçin yşykdiodly çipler bilen üpjün ediji «PalyNitride» taýwan kompaniýasy Samsung bilen hyzmatdaşlygyny 2020-nji ýylda dowam etdirer. Häzirki wagtda ol önümçiliginiň gerimini giňeldýär, netijede ol aýda mikroyşykdiodly 10 000 plastinalary öndürip biler.

düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....