14-nji ýanwardan «Microsoft» Windows 7-niň üpjünçiligini bes edýär

  • 04.01.2020 22:36
  • 2.3k+

«Microsoft» korporasiýasy 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndan başlap, Windows 7 operasion ulgamynyň üpjünçiligini bes eder, diýip kompaniýanyň saýtyna salgylanyp, habar beriş serişdeleri belleýär.
Net Applications guramasynyň maglumatlaryna görä, Windowsyň 7-nji wersiýasy stol üsti operasion ulgamlar bazarynda häzirki wagtda 47% eýeleýär. Bu diýildigi, Windows 7 meşhurlygy boýunça Windows 10, Windows 8/8.1, Windows XP we Windows Vista operasion ulgamlary goşup alanyňda hem bazaryň ýarysyny diýen ýaly eýeleýär diýmegi aňladýar.
Statistikadan görnüşi ýaly, «Microsoftyň» tutuş ýylyň dowamynda ulanyjylara mugt ýagdaýda Windows 10-a geçmegi teklip edendigine garamazdan, «ýediligi» ulanyjylaryň aglaba bölegi bu mümkinçilikden peýdalanmandyr.
Eger-de, 15-nji ýanwardan ulanyjylaryň aglabasy heniz hem Windows 7-de galsa, onda olaryň operasion ulgamy üçin hiç hili obnowleniýalar, şol sanda howpsuzlyk bilen bagly täzelenişler çykarylmaz. Bu bolsa Windows 7-ni «Microsoftyň» 2014-nji ýylyň aprelinde üpjünçiligini bes eden «Windows XP» ýa-da ondan öňki «Windows Vista» ýaly zyýanly programmalardan goranmakda gowşak edip, hakerler üçin ýeňil mümkinçilik edip goýar.
Belläp geçsek, Windows 7 ulgamy 2009-njy ýylyň oktýabrynda çykaryldy. «Microsoft» kompaniýasy 10 ýylyň dowamynda bu wersiýany üpjün etmek boýunça borçnamany öz üstüne aldy.
Geçen ýylyň dekabrynda mälim bolşy ýaly, «Microsoft» Windows 10 Mobile operasion ulgamynyň soňky wersiýasynyň üpjünçiligini resmi taýdan bes eder.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......