Germaniýaly hünärmene Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory alymlyk derejesi berildi

  • 03.01.2020 23:27
  • 3.3k+

Germaniýaly lukmançylyk ylymlarynyň doktory Aksel Hauşilde Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory alymlyk derejesi berildi.
Uniwersitetiň Hormatly professory derejesine mynasyp bolan germaniýaly alym bildirilen hormat we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdy we bu hormatly derejäni uly buýsanç bilen kabul edýändigini nygtady.
Professor Hauşild dermatologiýa we deriniň onkoilogiýa keselleri boýunça tanymal hünärmen, Ýewropanyň onkologlar birleşmesiniň ýolbaşçy komitetiniň agzasy, Kil şäheriniň uniwersitet klinikasynyň okuw merkeziniň müdiridir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda lukmançylygyň birnäçe ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Munuň özi bu ugurda oňyn tejribe toplan abraýly düzümler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginde bolşy ýaly, milli lukmançylyk hyzmatlaryny kämilleşdirmekde hem aýratyn ähmiýetli bolup durýar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň towakganamasy we ýurdumyzyň Ýokary attestasiýa komitetiniň lukmançylyk ylymlary boýunça bilermenler geňeşiniň netijenamasy nazara alnyp, şeýle hem GFR bilen Türkmenistanyň arasynda lukmançylygyň ugurlary boýunça giň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, hormatly Prezidentimiziň ylmy ugurlary häzirki zaman derejesinde ösdürmek baradaky wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirilmegine, lukmançylyk ylmynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goşan şahsy goşantlary üçin ýokary ylmy derejeniň gowşurylmagy germaniýaly alymyň bitiren işine berlen ýokary baha bolup durýar.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....